21 November 2024
2024/09/03 - 16:46 View: 72

Türkmen Halkynyň Milli Lideriniň we onuň ýanyndaky wekiliýetiň Rewolýusiýanyň Lideri bilen duşuşygy

Türkmen Halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy  jenap Gurbanguly Berdimuhamedow we onuň ýanyndaky wekiliýet 28-nji awgustda çarşenbe güni Yslam Ynkylabynyň Beýik Lideri hezreti aýatolla Hameneýi bilen duşuşdy.

Yslam Ynkylabynyň Beýik Lideri, hezreti aýatolla Hameneýi 28-nji awgustda çarşenbe güni ikindin Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy  jenap Gurbanguly Berdimuhamedow we onuň ýanyndaky wekiliýet bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň örän ileri tutulýandygyny bellemek bilen şeýle diýdi: “Eýran bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary soňky ýyllarda gowy ösüş gazandy. Ýöne entäk has önjeýli hyzmatdaşlyklar üçin köp potensial mümkinçilikler bar we şolardan peýdalanmak gerek”. Beýik Lider bu gatnaşyklary umumy bähbitleriň esasynda ösdürmegiň iki ýurduň hem peýdasyna bolýandygyny nygtamak bilen “jenap doktor Pezeşkianyň täze hökümediniň gatnaşmagynda iki ýurduň gatnaşyklaryna degişli işler has uly güýç we depgin bilen dowam ediler diýen umydymyz bar” diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

Rewolýusiýanyň Beýik Lideri ýurdumyzyň prezidentiniň Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge bolan uly itergisine ünsi çekmek bilen “Ýol we şäher gurluşyk ministri hanym Sadeg hem bilelikdäki Ykdysady komissiýanyň Eýran tarapynyň başlygy hökmünde, iki ýurduň ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilişini, olardan islenen netijeleriň gazanylmagy üçin idäp durar” diýip belledi.

Hezreti aýatolla Hameneýi şeýle hem Türkmen Halkynyň Milli Lideriniň iki ýurt arasyndaky bilelikdäki taslamalar, şol sanda, Günorta-Demirgazyk awtomobil ýolunyň taslamasy we Türkmenistanyň gaz geçirijilerini ösdürmek taslamasy barada aýdanlaryna ünsi çekmek bilen, olara möhüm taslamalar hökmünde baha berdi we “Bu uly taslamalaryň Eýranly hünärmenleriň we bilermenleriň gatnaşmaklarynda durmuşa geçirilmegi iki ýurduň ýürekdeş gatnaşyklaryny öňküden-de beter ýakynlaşdyrar” diýdi.

Ýurdumyzyň prezidenti jenap Pezeşkianyň hem gatnaşmagynda geçirilen bu duşuşykda Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy  jenap Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurdy biri-biri bilen garyndaş ýurtlar diýip atlandyrmak bilen “Tähranda jenap prezident bilen gowy we konstruktiw gepleşikleri geçirdik.  Gol çekilen ylalaşyklar gowy netijelere getirer diýip umyt edýärin” diýip belledi.

Türkmen Halkynyň Milli Lideri şeýle hem merhum prezident jenap Raisini uly hormat bilen ýatlamak bilen, iki ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda onuň eden uly ädimlerine ünsi çekdi we “Eýran bilen Türkmenisstanyň arasyndaky bilelkdäki uzyn serhet hemişe parahatçylygyň we dostlugyň serhedi bolup gelýär we şeýle bolmagynda galar. biz ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary giňeltmäge taýýar” diýip sözüniň üstüne goşdy.

متن دیدگاه
نظرات کاربران
تاکنون نظری ثبت نشده است