Hijri Kamary senenamasynyň IV-V asyrlarynda (X-XI asyrlar) ýaşap geçen Eýran lukmany we alymy Abu Aly Sina pelsepe we lukmançylyk ugurlaryndaky eserleri bilen uly ähmiýete eýe bolan Eýranyň we bütin dünýäniň iň meşhur we iň täsirli şahsyýetlerinden biridir. Toplumlaýyn bir ylmy filosofiki ensiklopediýa bolup durýan “Şypa” eseri we lukmançylyk boýunça ýazylan “Kanun” eseri Ibn Sinanyň iň bir giňden tanalýan eserleri hasaplanýar.
Häzirki wagta çenli Ibn Sinanyň ady UNESCO-nyň meşhur ylmy we edebi şahsyýetleriň sanawyna iki gezek girizildi. 2012-2013-nji ýyllarda Ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylymynyň kanuny” eseriniň ýazylyp gutarmagynyň 1000 ýyllygy, 1980-nji ýylda bolsa onuň doglan gününiň 1000 ýyllygy bellenip geçildi, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň başlangyjy we teklibi bilen UNESCO-nyň umumy konferensiýasynyň tassklamagynda 2003-nji ýylda “Ylymy barlaglaryň etikasy boýunça Ibn Sina baýragy” ykrar edildi.
Ibn Sinanyň doglan güni bolan hijri şemsi senenamasynyň şähriwär aýynyň birinji gününe (22-nji awgust) onuň lukmançylyk ylymyny rowaçlandyrmakdaky ornuny çalşyryp bolmajak roly üçin Lukmanlar güni diýip at goýuldy. Eýranyň lukmançylyk ylymy dünýä ýurtlarynyň arasynda tapawutly artykmaç orun eýeleýär. Eýranyň şanly taryhy bolsa, uly eserleriň we bereketleriň gözbaşy bolan köp sanly lukmanlary öz goýnunda ösdürip ýetişdirendir.
Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasy Lukmanlar gününi belläp geçmek bilen, Türkmenistanyň ähli lukmanlaryny-da bu şanly sene bilen gutlaýar.