News Agency:Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarynyň Eýranyň Prezidenti bilen duşuşygy
Tähran şäherinde geçirilýän 3-nji Hazarýaka ykdysady foruma gatnaşmak üçin iş saparyny amala aşyran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary jenap Hojamyrat Geldimyradow 2025-nji ýylyň 18-nji fewraly sişenbe güni Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy.
Bu duşuşykda ýurdumyzyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Lideriniň Eýran bilen gatnaşyklaryň ösmegine we iki ýurduň arasynda amala aşyrylan Ylalaşyklaryň doly ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berýändigine ýokary baha berip, şeýle diýdi: “Türkmenistanyň Milli Lideriniň Eýran Yslam Respublikasy bilen dogan, musulman we goňşy ýurt hökmünde gatnaşyklaryny ösdürmäge bolan garaýşy we ynanjy, iki ýurduň arasynda baglaşylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmesini tizleşdirdi, bu bolsa örän gymmatly we minnetdarlyga mynasypdyr we biz hem Türkmenistan bilen bolan goňşyçylyk hakyny berjaý etmäne ygrarlydyrys”. Prezident sözüniň içinde ykdysadyýetiň, söwda, ylym we medeniýetiň dürli ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlarynyň hatarynda agzap geçdi we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde hiç hili päsgelçilik görmeýändigini belläp geçdi. Doktor Pezeşkian şeýle hem ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin sebitleýin şertnamalardan, şolaryň hatarynda Hazar ykdysady sammityndan peýdalanmagyň zerurlygyny aytdy we Eýran bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny we olary işjeň ulanylan halatynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberiniň häzirki möçber bilen deňeşdirilende birnäçe esse artyp biljekdigi hakynda durup geçdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, jenap Hojamyrat Geldimyradow hem jenap Masud Pezeşkiana Türkmenistanyň Milli Lideriniň we ýurdumyzyň Prezidentiniň gyzgyn salamlaryny gowşurdy we Hazar ykdysady forumynyň gowy geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we öz sözünde şeýle belläp geçdi: “ Bu duşuşygyň netijeleriniň Hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyna we sebitiň bähbidi üçin hyzmatdaşlygy giňeltmekde örän täsirli boljakdygyna ynanýarys”. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary şeýle hem iki ýurduň arasyndaky energetika we ulag pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy we bilelikdäki taslamalary agzap geçdi we şeýle diýdi: “Biz Eýran Yslam Respublikasyny diňe bir goňşy ýurt däl, eýsem strategiki hyzmatdaşymyz hasaplaýarys we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ýüze çykan uly mümkinçilikleri ulanmaga ygrarlydyrys we iki ýurduň arasynda baglaşylan şertnamalaryň doly ýerine ýetirilmegine gyzyklanýarys”.
© 2019 - economy@mfa.ir