Bu saparyň dowamynda demirýol infrastrukturasy, mümkinçilikleri we desgalary bilelikde gözden geçirildi we ýurdumyzyň demir ýol pudagynyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda üç sany tanyş stansiýadan kükürdi ýygnamak we ýüklemek, adaty demirýol liniýalary boýunça daşamak, şeýle hem kükürt ýükleriniň ýurdumyzyň çäginden Pars aýlagyna ýüklenmegini we üstaşyr geçmegini çaltlaşdyrmakda ýüze çykýan päsgelçilikleri we olaryň çözgütleri öwrenilip gepleşik geçirildi.
Ýurdumyzyň demirýol pudagynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň iki günlük saparynyň maksatnamasynda Türkmenistanyň Sarahs gözegçilik geçiriş nokadyndaky bar bolan demir ýol desgalaryny we mümkinçiliklerini gözden geçirenden soň, Türkmenistanyň demirýol pudagynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen Aşgabatda gepleşikleri dowam etdirmek meýilleşdirilýär.