24 November 2024
2024/07/23 - 15:45 View: 95

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň Sarahs ýörite ykdysady zolagyna baryp görmegi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we onuň ýanyndaky wekiliýet duşenbe güni (22.07.2024 ý.) Sarahs ýörite ykdysady zolagy “Paýane” serhetýaka ýük ulag terminaly we gümrükhanasy şeýle hem Türkmenistan bilen bilelikdäki serhetde ýerleşýän “Dostluk” bendi bilen ýerinde tanyşlygy amala aşyrdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we onuň ýanyndaky wekiliýet duşenbe güni (22.07.2024 ý.) Sarahs ýörite ykdysady zolagy, “Paýane” serhetýaka ýük ulag terminaly we gümrükhanasy, şeýle hem, Türkmenistan bilen bilelikdäki serhetde ýerleşýän “Dostluk” bendi bilen ýerinde tanyşlygy amala aşyrdy.

Bu meýdan tanyşlygynda Sarahs serhet geçelgesindäki gatnawyň ýagdaýyny öwrenmek bilen bir hatarda, gatnawlary aňsatlaşdyrmagyň we bolup biläýjek kynçylyklary aradan aýyrmagyň ýollary barada pikir alyşmak maksady bilen sebitiň müdirleriniň we jogapkär ýolbaşçylarynyň, şonuň ýaly hem ulag kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi.

Sarahs serhet geçelgesi bilen ýerinde tanyşlyk Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň we ilçihananyň ykdysady hünärmenleriniň Türkmenistan bilen öözara serhetdäki gözegçilik-geçiriş noktlary bilen meýdan tanyşlyklary zynjyrynyň dowamy hökmünde amala aşyryldy. soňky aýlarda Lotfabad we Bajgiran serhet geçelgelerine hem şuňa meňzeş tanyşlyk saparlary amala aşyryldy. Iki ýurduň arasyndaky ähli bilelikdäki gözegçilik geçiriş ýerlerine tanyşlyk saparlaryny döwürleýin esasda amala aşyrmak öňküsi ýaly häzir hem Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gün tertibinde durýar.    

متن دیدگاه
نظرات کاربران
تاکنون نظری ثبت نشده است