21 November 2024
2024/09/03 - 16:48

Türkmenistan bilen gaz ylalaşygy Eýrany sebitiň gaz habyna öwürmwek ugrundaky strategiki çäredir.

Prezident Eýran bilen Türkmenistanyň taryhy köklere esaslanýan gatnaşyklaryny hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegi üçin amatly binýat diýip atlandyrdy we “Iki ýurduň arasynda amala aşyrylan ylalaşyklara we şertnamalara ygrarly bolmak bilen birlikde gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagynyň öňünde durýan päsgelçilikleri we kynçylyklary aradan aýyrmaga doly taýýardyrys” diýip belledi.

Doktor Masud Pezeşkian 2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda çarşenbe güni öýleden soň  Eýranyň we Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň giňişleýin düzümdäki duşuşygynda Eýran bilen Türkmenistanyň taryhy köklere esaslanýan gatnaşyklaryny hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegi üçin amatly binýat diýip atlandyrdy we “Iki ýurduň arasynda amala aşyrylan ylalaşyklara we şertnamalara ygrarly bolmak bilen birlikde, gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagynyň öňünde durýan päsgelçilikleri we kynçylyklary aradan aýyrmaga doly taýýardyrys” diýip belledi.

Prezident çykyşynyň dowamynda Eýran bilen Türmenistanyň arasynda tebigy gaz pudagynda amala aşyrylan ylalaşyklary Eýranyň sebitdäki gaz habyna öwrülmeginiň ugrundaky we iki ýurduň bähbitlerini üpjün etmegiň çäklerindäki strategiki çäre diýip atlandyrdy we “Iki ýurduň arasynda gol çekilen ylalaşyklaryň we şertnamalaryň ýerine ýetirilşini hut öz şahsy gözegçiligimde saklaryn we Aşgabatda boljak indiki duşuşygymyzda bu ylalaşyklaryň doly durmuşa geçirilendiginiň şaýady bolarys diýip umyt edýärin” diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

   Bu duşuşygyň dowamynda Daşary işler ministri doktor Seýed Abbas Äragçi hem öz çykyşynda Eýranyň we Türkmenistanyň örän gowy gatnaşyklaryna hem-de sebit we halkara meseleleri babatdaky umumy pozisiýalaryna ünsi çekmek bilen, iki ýurduň arasyndaky serhedi Eýran Yslam Respublikasynyň serhediniň iň howpsuz nokatlaryndan biri diýip atlandyrdy we serhetleriň potensial mümkinçiliklerini iki ýurduň we iki halkyň bähbidine peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.

Äragçi şeýle hem Owganystanyň knçylyklardan çykmagy üçin bu ýurda kömek etmek babatda iki ýurduň bilelikde hyzmatdaşlyk etmeginiň zerurdygyny nygtady.

   Energetika, tranzit we elektroenergetika pudaklaryndaky hyzmadaşlyklary ösdürmek, gaz we nebit hiimiýa pudaklarynda iki ýurduň bilelikde hyzmatdaşlyk etmegi, inženerçilik-tehniki hyzmatlary eksport etmek, iki ýurduň arasynda ýylda 20 million tonna ýüki üstaşyr geçirmekligi maksat edip goýmak, wiza berilşini aňsatlaşdyrmak, portlar we deňiz gatnawlary, ulag geçelgeleri, awtomobil we demirýol ulaglary pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri Eýran bilen Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit, Energetika hem-de Ýol we şäher gurluşyk ministrleriniň eden çykyşlarynyň iň möhüm ugurlary boldy.

Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlgy Gurbanguly Berdimuhamedow hem bu duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistan üçin  ähmiýetini nygtamak we Tähran bilen Aşgabadyň sebitleýin we halkara gatnaşyklarynyň örän ýokary derejesine kanagatlanma bildirmek bilen, Türkmenistanyň hökümetiniň Eýranyň halkara başlangyçlaryny goldamak babatdaky aýgytlylygyny nygtady.

Türkmen Halkynyň Milli Lideri çykyşynyň dowamynda öz ýurdunyň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkarar edilmegi ugrundaky tagallalaryna ünsi çekmek bilen, Türkmenistanyň iki ýurt arasynda howpsuzlyk hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýändigini nygtady we “Türkmenistan şeýle hem Eýran Yslam Respublikasy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine we Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşyklaryň artdyrylmagyna gyzyklanma bildirýär” diýdi.

متن دیدگاه
نظرات کاربران
تاکنون نظری ثبت نشده است