Halkara Nowruz baýramynyň bellenilmegi
Ýurdumyzyň ilçisi Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara Nowruz gününe bagyşlanyp “Bagtyýarlyk bakylyga utgaşar Parahat ilime Nowruz gelende” atly geçirilen çärä gatnaşdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi, Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylyna we Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz gününe bagyşlanyp Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen “Bagtyýarlyk bakylyga utgaşar, Parahat ilime Nowruz gelende” atly dabaraly çärä gatnaşdy.
Bu çärede, ýurdumyzyň ilçisi, jenap Ruzbehani Türkmenistanyň çeperçilik we amaly-haşam sungaty işleriniň sergisine baryp gördi we beýleki ýurtlaryň ilçileriniň gutlaglaryny kabul etmek bilen, Türkmenistanyň ýokary wezipeli wekilleri we Ministler Kabinetiniň agzalary bilen duşuşdy we iki ýurduň medeni umumylyklaryny, şol sanda Eýranyň halklarynyň gadymy medeniýetinde söýginiň, dostlugyň, parahatçylygyň we ynamyň ähmiýeti barada aydyp geçdi.