Bu konferensiýa, Hazar deňziniň daşky gurşaw meselelerini we onuň bilen baglanyşykly faktorlary syýasat, ykdysadyýet, söwda, ekologiýa, gumanitar gatnaşyklaryň çäklerinde öwrenmek maksady bilen geçirildi. Onda kenarýaka ýurtlaryň özara ýakynlaşmagyny we hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi emele getirmek üçin gurluşlaryň döredilmegini esas edinýän meseleleriň giň ýaýrawy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu konferensiýada, ýurdumyzyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbehani öz çykyşynda aşakdaky pikirleri belläp geçdi we nygtady:
- Hazar deňzi umumy miras, serhetdeş ýurtlaryň arasyndaky dostlugyň merkezi we bu deňziň kenarýakasynda ýaşaýan 270 milliondan gowrak adam üçin haýyr-bereketiň çeşmesidir.
- Ata-babalarymyz bu gymmatly ylahy göwheri gorap sakladylar we bize miras galdyrdylar. Biz hem bu gymmatly sowgady geljek nesiller üçinem gorap saklamalydyrys.
- Hazar deňzi strategiki bir sebit hem-de Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar koridorlaryny biri-birine baglaýan halka bolup durýar. Bu deňiziň goňşulary Hazar deňzini geljek nesillere edil özlerine miras galyşy ýaly dury, arassa we howpsuz görnüşde gowşurmaga borçludyrlar.
- Tähran konwensiýasy diýlip atlandyrylýan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gorap saklamak baradaky Çarçuwaly konwensiýanyň işläp düzülmegi, tassyklanmagy we durmuşa geçirilmegi Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmeginiň sözbaşysy, daşky gurşawy goramagyň ähmiýetiniň görkezijisi we Hazar deňzind alynyp baryljak indiki işler üçin möhüm ýol ýörelgedir.
- Hazar deňzinde senagat işlerini alyp barmak, balyk tutmak, howpsuz transport koridorlaryny döretmek we bu deňizden uglewodorod baýlyklaryny gazyp almak ýurtlaryň ykdysady ösüşinde we durmuş üpjünçiliginde täsirli bolsa-da, bu umumy suw giňişliginiň hapalanmagy üçin ýurtlaryň jogapkärçiligini äsgermezlik etmek bu sebitdäki ýaşaýyş sikline howp salýar.
- Ylalaşylan daşky gurşaw standartlaryny berjaý etmek hem-de milli we sebitara taslamalar durmuşa geçirilende olaryň serhetaşa daşky gurşawa etjek täsirlerine üns bermek el degrilmesiz ýörelgesine has köp üns berilmelidir.
- Hazar deňziniň suwunyň azalyp-köpelip durmagy hyzmatdaşlygy we konsensusy talap edýän möhüm meselelerden ýene biridir. Hazar deňziniň suwunyň mukdar derejesiniň peselmegi gämi gatnawlaryna we kenarýaka ilatynyň ýaşaýyş durmuşyna weýran täsirini ýetirýär.
- Bu prosesiň Hazar deňzindäki suwda ýaşaýan jandarlaryň we gaýtalanmajak ösümlik örtüginiň ýaşaýyşyna ýetirýän weýran ediji ekologiki täsiri hiç kim üçin gizlin däldir. Hazar deňziniň suwunuň derejesiniň peselmegine gözegçilik etmek ähli kenarýaka ýurtlarynyň çynlakaý erkini we ünsüni talap edýär.
- Häzirki wagta çenli bu baradaky dört teswirnama, ýagny nebit bilen hapalanmalara garşy göreşmek, gury ýerden gelip çykýan hapalanmalara garşy göreşmek, biodürlüligi goramak we serhetüsti ekologiki täsirlere baha bermek hakyndaky protokollara gol çekildi. Gepleşikleri dowam edýän möhüm ekoligiki resminamalaryň ýene biri-de Hazar deňzinde Monitoring, baha bermek we maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnamadyr.
- Bu teswirnamalar Hazar deňzinde alynyp barylýan daşky gurşaw işlerine maksada gönükdirilen gözegçiligi amala aşyrmak üçin zerur bolan hukuk binýadyny üpjün edýär. Bu möhüm daşky gurşaw teswirnamasyny ylalaşyp gutarmak ugrunda ähli taraplaryň tagalla etmegi zerur bolup durýar.
- Hazar sebitinde Konwensiýanyň sekretariatynyň ştab-kwartirasyny ýerleşdirmek barada amala aşyrylan ylalaşyklara garamazdan, gynansak-da, amala aşyrylan bu ylalaşygyň üstünden on ýyla golaý wagt geçen hem bolsa, bu möhüm iş heniz hem durmuşa geçirilmän gelýär.
- Hazar deňziniň kenarýaka ýurtlarynda sekretariatyň aýlawly esasda ornaşdyrylmazlygy we onuň administratiw we maliýe gurluşy barada belli karara gelinmezligi bar bolan kynçylyklary hasam artdyrýar.
- Begendiriji ýeri, geçen ýylyň sentýabr aýynda Ženewada geçirilen Hazar deňziniň kenarýaka ýurtlarynyň daşky gurşaw ministrleriniň geňeş maslahatynda oňyn we geljegi uly kararlar kabul edildi.
- Tähran konwensiýasynyň sekretariatynyň resminamalary işläp düzmek boýunça ýörite iş topary bu geňeş maslahatynyň gazanan üstünliklerinden biridir. Ýöne gynansak-da, soňky birnäçe aýyň içinde bu iş toparynyň ýygnaklarynyň diňe bir raundy geçirildi we ikinji ýygnagyň geçirilmeginiň gijä galmagy alada döredýär.
- Ähli taraplaryň isle daşky gurşaw pudagy bolsun, isle-de beýleki ugurlar boýunça gazanylan ylalaşyklara ygrarly bolmaklary we olaryň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutulan çarçuwalar we mehanizmler arkaly idemegi zerurdyr.
- Eýran Yslam Respublikasy, Hazar deňziniň daşky gurşawyna we Tähran konwensiýasy galybyndaky bäş taraplaýyn ylalaşyklara ygrarlylygy esasynda bu Konwensiýanyň ýedinji konferensiýasyny Tähranda geçirmäge taýýardyr.
- Şunuň bilen baglylykda, Tähran konwensiýasynyň taraplarynyň 7-nji konferensiýasynyň guramaçylyk komitetiniň mejlisleri geçirmek boýunça işler konwensiýanyň Ženewada ýerleşýän wagtlaýyn sekretariaty bilen hyzmatdaşlykda we konwensiýa agza bolup durýan başga taraplar bilen utgaşyklylykda alynyp barylýar.
- Eýran Yslam Respublikasy Sagdyn Hazary gazanmak ugrunda dowam edýän bu bäş taraplaýyn proseslerden başga-da möhüm ekologiýa meselelerini Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn görnüşde ara alyp maslahatlaşmaga taýyn.
Bu konferensiýa her ýyl Hazar deňziniň gününde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Daşary işler ministrligi tarapyndan Hazar deňziniň kenarýaka ýurtlarynyň we degişli halkara guramalarynyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň kenarynda, Türkmenistanyň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda we Türkmenbaşy eňiz portynda geçirilýär. Şu gün konferensiýa Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekili, FAO komissiýasynyň Merkezi Aziýada we Kawkazga suw jandarlaryn ösdürip ýetişdirmek we balykçylyk boýunça sekretary, Bütindünýä banky Daşky gurşawy goramak boýunça ýokary wekili, Halkara Deňiz Hukugy Institutynyň müdiri (onlaýn görnüşinde), Halkara Okeanlar Institutynyň müdiri we hormatly prezidenti ýaly halkara guramalaryndan wekiller gatnaşýar.
Bu konferensiýa Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri jenap Raşid Murdowyň we daşky gurşawy goramak ministri jenap Çarygeldi Babaniazowyň gatnaşandyklaryny bellemek ýerliklidir.