Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti jenap Masud Pezeşkian Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli bu ýurduň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramynyň 34-nji ýyllygy mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti jenap doktor Masud Pezeşkian öz aýry-aýry gutlag hatlarynda Türkmenistanyň prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowy we Türkmen halkynyň Milli lideri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowy bu baýram bilen gutlady.
Jenap Pezeşkian tarapyndan Türkmenistanyň prezidentiniň adyna ýazylan gutlag hatynda şeýle diýilýär:
Iki ýurduň arasynda taryhy, dini we medeni umumylyklaryň we özara dostluk serhediniň bolmagy Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňaýly esas bolup durýar.
Jenap Masud Pezeşkianyň Türkmenistanyň Milli lideri we Halk Maslahatynyň başlygyna ugradan gutlag hatynda şeýle diýilýär:
Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasyny hoşniýetlilige, dostluga we özara ynanyşmaga utgaşan goňşuçylyk gatnaşyklary bir-birege baglaýar. Iki dost we goňşy ýurtlar hökmündäki özara hyzmatdaşlyklarymyzyň biziň halklarymyz üçin has gowy gelejegiň buşlukçysy boljakdygyna berk ynanýaryn.

Şeýle-de, Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri, jenap Seýed Abbas Äragçi öz türkmen kärdeşine iberen gutlag hatynda ony Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gutlamak bilen, ähli ugurlarda gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmaklygy belläp geçdi. Onuň gutlag hatynda şeýle beýan edilýär:
Dost we garyndaş ýurt bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň ýetip gelmegi bilen siz Alyjenaby gutlaýaryn. Iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy diplomatik tagallalary we bar bolan mümkinçiliklerini ulanmakda ähli ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegine esas döredjekdigine ynanýaryn.