Eýran barada

Eýran döwleti resmi taýdan Eýran Yslam Respublikasy diýlip atlandyrylýar we ol ägirt uly ýurtdyr we Türkmenistanyň günortasynda ýerleşýän goňşy döwletidir. Eýranyň demirgazykdan Hazar deňzi, günortadan Pars aýlagy bilen suw serhedi bardyr.  Biziň gadyrly döwletimiz 1 million 648 müň 195 inedördül kilometr bolup, dünýäniň 17-nji iň uly döwletidir. Şeýlelikde, Eýrany görmek üçin birnäçe günüň gerekligi mälimdir. Tähran şäheri – Eýranyň paýtagty we bu ýurduň iň uly we iň köp jemgyýetli şäheridir. Yspyhan, Şiraz, Täbriz we Maşat Eýranyň uly şäherleridir. Biziň resmi dilimiz – pars dilidir we elbetde Eýranlylaryň köp sanlysy başga dillerde we dialektlerde, şol sanda azerbeýjan dili, kürt dili, lori dili, arap dili, buluç dili, giläki dili, mazenderani dili we türkmen dilinde söhbet edýärler.

Eýranyň geografiýasy

Eýran Yslam Respublikasy demirgazykda Türkmenistan, Azerbeýjan Respublikasy we Ermenistan bilen araçäkleşýär. 2670 kilometrlik demirgazyk serhediniň 650 kilometri Hazar deňziniň suw serhedidir. Eýranyň günbatar tarapynda Türkiýe we Yrak döwletleri ýerleşendir. Owganystan we Päkistan döwletleri Eýranyň gündogar tarapyndadyr. Eýranyň günorta serheti Pars aýlagy we Oman deňzi bilen uzyn kenar ýakasydyr. Bu bölekde, Eýran Yslam Respublikasy Kuweýt, Saudy Arabystan, Katar, Birleşen Arap Emirlikleri we Oman bilen araçäkleşýär. Eýranyň Pars aýlagyndaky möhüm portlary – Abadan, Horrämşähr, Ymam Homeýni porty, Mahşähr, Deýläm, Gänaweh, Rig, Buşähr, Lenge porty we Bender Abbasdyr.

Eýranyň Pars aýlagyndaky adalary

Eýranyň Pars aýlagynda köpsanly adalary bardyr, olaryň hatarynda Bumusa, Uly Tonb, Kiçi Tonb, Minu, Hareg ( dünýäniň iň çuň nebit portlarynyň biri), Şeyh Säad, Şeýh Şueýb, Hendurabi, Kiş ( erkin zolak we Hormoz bogazyndaky Eýranyň iň uly adasy), Farur, Sirri, Keşm, Hengam, Laräk, Pars, Hormoz we Lawan adalary agzap bolar.

Eýranyň derýalary

Eýranyň içinde birnäçe derýalar akyp geçýär we Eýranyň ýeke-täk derýa gämiçiligine ýaramly derýasy Karun derýasy bolup, onuň ozynlygy 920 kilometra barabardyr. Beýleki esasy derýalara Hirmänd (1100 km), Tejen (1100 km), Härirud (110 km), Aräs (1072 km), Kärhe (900 km), Mänd (730 km), Etrek (535 km) we Zaýänderud (405 km) degişlidir. Derýalaryň akýan suwunyň möçberi tomus paslynda azalýar.

Eýranyň daglyk we çöllük sebitleri

Eýranyň iki dag gerşi bardyr. Demirgazykda ýerleşýän beýik Alborz dag gerşi beýikligi 5670 metr bolup, Dämawänd depesine, gündogarda Hazar deňziniň günortasyndan Eýranyň gündogaryna we Horasanyň serhet liniýasyna çenli uzalyp gidýär. Zagros dagynyň gerşi ýurduň demirgazyk günbataryndan günorta gündogaryna çenli uzalyp gidýän Eýranyň başga bir dag gerşidir. Eýranyň gündogar sebitinde bolsa, umumy meýdany 1287 inedördül kilometr bolan Käwir we Lut ýaly ajaýyp duz çölleri ýerleşýär. 

Yksydasyýet

Eýranyň resmi pul birligi – rýaldyr, emma eýranlylar adatça hemmä mälim “Tümen” sözüni ulanýarlar. Her 10 rýal 1 tümena barabardyr. Şol sebäpli, satyjylaryň 10 müň rýalyň ýerine 1000 tümen diýip aýtmaklary örän adaty zat. Eýran dünýäniň iň uly nebit öndürijisidir we dünýäniň gaz zapasy boýunça ikinji ýerde durýan döwleti hasaplanýar. Eýran Yslam Respublikasynyň hökümeti syýahatçylyga, oba hojalyga we ş.m. pudaklarda maýa goýumlarynyň artýanlygy bilen nebit däl ugurlarynyň girdeýjilerine uly üns berýär. Eýran şeýle-de lukmançylyk, biotehnologiýa, nanotehnologiýa we derman senagaty pudaklarynda uly ösüşler gazandy.

Oba-hojalyk

Oba-hojalyk Eýranyň taryhy pudaklarynyň biridir. Eýranda geçi ýetişdirmek Isa pygamberiň (s.a.w) dünýä inmezinden öň başlanýar. Şetdaly ýaly miweler Eýrandan Ýewropa getirilen ilkinji önümdir. Tebigat arheologlarynyň gözlegleri çigildem gülleriniň ilkinji gezek Eýranda ekilip ösdürledigini tassyklady. Hytaýlylar 647-nji ýylda ysmanagy “Eýran ösümligi” diýip atlandyrmagy siz üçin gyzykly bolup biler. Häzirki wagtda Eýranyň umumy meýdanynyň üçden bir bölegi oba-hojalyk meýdanlarydyr we onuň 30%-y suwarylýar. Günbatar we demirgazyk-günbatar sebitleriň iň köp hasylly topragy bardyr. Ýurduň dürli künjeklerinde temperatura üýtgeýär we bu bolsa däneler (bugdaý, arpa,tüwi, mekgejöwen), miweler (alma, hurma, injir, garpyz, sitrus miweler we üzüm), gök-önümler, pagta, gant şugundury, şeker şugundury, pisse, hoz, zeýtun, şafran, zirk, çaý we dürli dermanlyk ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Eýran dünýäde iň uly pisse öndürijileriň hataryndady.