Türkmenistanda pars dili boýunça hünär kämilleşdiriş sapaklarynyň geçirilmegi
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň pars dili fakultetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary üçin pars dili ugry boýunça hünär kämilleşdiriş sapaklary geçirildi.
Bu sapaklarda pars dili we edebiýaty boýunça eýranly ussat professor-mugallymlary okadýar. Bu hünär kämilleşdiriş sapaklary 10 gün dowam edip, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkezi we "Saady" adyndaky gaznanyň hemaýat bermeginde geçirildi.