Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň Daşary işler mnistrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow telefon arkaly söhbetdeşliginde iki taraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň häzirki ýagdaýy şeýle hem sebitleýin we halkara özgerişler barada pikir alyşdylar.
Ýurdumyzyň (Eýranyň) daşary işler ministri bu telefon gepleşiginiň dowamynda öz kärdeşini Amerikanyň we sionistik režimiň Eýran Yslam Respublikasyna garşy mejbury uruşyny soňlamak ugrundaky diplomatik proses, şeýle hem dowam edýän tagallalar we başlangyçlar bilen bagly iň täze ýagdaýlar barada habar berdi.