Bagtyýarlyk getiriji Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň gutlag haty
Bagtyýarlyk getiriji Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň gutlag haty
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurban baýramy mynasybetli iberen gutlag hatynda Eýranyň hormatly Prezidentini we halkyny gutlady. Hormatly jenap SerdarBerdimuhammedowyň Eýranyň Prezidenti hormatly jenap Masud Pezeşkiana ýollan gutlag hatynda şeýle beýan edilýär:
“Mukaddes Gurban baýramy (Eid Al-Adha Al-Mubarak) mynasybetli meniň ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň.
Ynamyň dabaralanmagynyň we rehimdarlygyň nyşany bolan bu mukaddes baýram tutuş musulman ymmatyny birleşdirýär. Umumy ruhy gymmatlyklara ygrarlylygyň halklarymyzyň arasyndaky dostlugy we raýdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam etjekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn.
Şu nurana günlerde Gudraty güýçli Allatagaladan edýän doga-dilegleriňiziň kabul bolmagyny, Size jan saglygy we bagtyýarlygy, Eýranyň halkyna bolsa, parahatçylygy hem-de gülläp ösmegi dileýärin.”