6 June 2026
2026/05/26 - 17:39 View: 90

Gurban baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň gutlag haty

Gurban baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň gutlag haty

Türkmenistanyň Daşary işler ministri hormatly jenap Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri hormatly jenap Seýed Abbas Aragçini mübärek Gurban baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli gutlady. Jenap Raşid Meredowyň gutlag hatynda şeýlebeýan edilýär:

“Adamzadyň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny dabaralandyrýan mübärek Gurban baýramy (Eid Al-Adha) bilen tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Yslam dünýäsiniň bu nurana baýramynyň raýdaşlygyň, jebisligiň hem-de dünýäde dostlukly gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine ynanýaryn. 

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkär işiňizde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin

متن دیدگاه
نظرات کاربران
تاکنون نظری ثبت نشده است