Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow telefon arkaly söhbetdeş bolup sebitleýin meseleleriň iň möhümleri we halkara ýagdaýdaky soňky özgerişler barada pikir alyşdylar.
Taraplar telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda sebitdäki soňky wakalary ara alyp maslahatlaşyp, dartgynlygy peseltmek, sebitde durnuklylygy we uzak möhletleýin howpsuzlygy üpjün etmek üçin diplomatik geňeşmeleriň dowam etdirilmeginiň hem-de syýasy tagallalaryň ähmiýetini nygtadylar.
https://www.instagram.com/p/De97Zy0o2Vg/?exln=OThwMGQ3M2NxdnBz