7 June 2025
فارسی
EN
RU
Baş sahypa
Habarlar
Eýran barada
Ilçi
Konsullyk işleri
visa
Syýasat
Ykdysadyýet
Calendar of Iran Int. Exhibition
Jemgyýetçilik diplomatiýasy
Sorag-jogap
News Agency:Habarlar
gynanç kitaby
2025-nji ýylyň 30-njy maýy çarşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň dabaralar zalynda Bender Abbasyň Şehit Rejaýi portunda bolup geçen waka bagyşlanan gynanç kitaby açyldy we ýokary derejeli ýolbaşçylar we Türkmenistanda akkreditirlenen ilçiler bu kitapda ýazgy galdyrdylar.
Türkmenistanyň daşary işler ministri, jenap Raşid Meredow kitabyň açylyşynyň ilkinji pursatlarynda Eýranyň ilçihanasyna bardy we ýazgy galdyrandan soň öz gynanjyny we duýgudaşlygyny bildirip, Türkmenistanyň islendik gumanitar kömek we goldaw bermäge taýyndygyny ýene bir gezek tassyklady. Daşary işler ministrinden soň, Aşgabatda ýaşaýan başga ýurtlaryň ilçileri hem gynanç kitabyna gol çekdiler we bu waka sezewar bolanlara jan-saglyk arzuw etdiler.