News Agency:Habarlar
Musulman hökümetleri we halklary Gazadaky adam pajygasyna garşy durmalydyr
Hezreti Aýatolla Hamenei Yslam Ynkylabynyň lideri bu möwsümki Hajyň ýerine ýetirilmegi mynasybetli ýüzlenmesinde Hajyň öz magryfeti we dersleri bilen bile berjaý edilende Yslam dünýäsiniň şu günki dertleriniň dermany boljakdygyny belledi.
Merhemetli we rehimdar Allanyň ady bilen! Dünýälerde bar zatlaryň Rebbi bolan Allaha alkyş bolsun! Allatagalanyň ýaradanlaryndan in gowusy bolan Muhammet al-Mustafa we onuň iňbir päk ynsanlar bolan neberesine, saýlanan egindeşlerine we Kyýamat gününe çenli sogaply amallar bilen ouň ýoluna eýerjek adamlara parahatçylyk arzuwlaryny we salam iberýäris! Haj – hakyky imanly bendeleriň arzuwy, Allatagala aşyklaryň baýramy we bagtlylaryň ruhy nesibidir we syr bilen örtülen çuňluklaryny bilmek bilen utgaşsa, Musulman ymmatynyň we tutuş adamzadyň esasy esasy dertleriniň emi bolar. Allanyň öýüne zyýarat etmek täjirçilik maksatly, syýahatçylyk maksatly ýa-da islendik başga bir maksat bilen amala aşyrylýan we olaryň dowamynda hem, mümkin, Hudaýa ybadat etmek ýa-da haýsydyr bir sogaply işler bar bolan  saparlardan tapawutlanýar. Haj bilen baglanyşykly sapar adaty ýaşaýyşdan arzuwlanýan ýaşaýyşa göçmegiň türgenleşigidir. Arzuwlanýan ýaşaýyş – bu birhudaýlylyga eslanan ýaşaýyş bolup, onda emele getiriji üýtgewsiz düzüm bölekleri hemişe hakykat okunyň daşynda togap edip, aýlanmak, kyn belentlikleriň arasynda yzygiderli tagalla etmek, betniýet şeýtany yzygiderli daşlap durmak, Allany çagyrmak we çyn ýürekden doga-dileg etmek bilen utgaşan togtamalar, ysgyndan düşen garyba we ýolça tagam hödür-kerem etmek, adamlaryň reňkiniň, jynsynyň, diliniň ýa-da geografiki degişliliginiň arasynda tapawut goýulmazlygy, islendik şertde hyzmat etmäge taýyn bolmak, Hudaýdan özüňize gaçybatalga gözlemek we hakykaty goramagyň baýdagyny dikmek bolup durýar. Hajyň däp-dessurlary bu durmuşyň simwoliki mysallaryny öz içine alýar we haj zyýaratyny ýerine ýetirýän şahsy olar bilen tanyşdyrýar we olary berjäý etmäge çagyrýar. Bu çagyryşy eşitmek gerek Oňa üregiňi, beden we kalp gözüňi açmak zerur. Bu sapaklary durmuşa geçirmek üçin olary öwrenmek we erkiňi pugtalandyrmak zerur. Her kim bu ýolda öz ukybyna görä ädim ädip biler, ulamalar, akyldarlar we syýasy wezipeleri eýeleýänler we jemgyýetçilikde uly derejesi bolanlar bolsa, beýlekilerden has köp ädim ädip bilerler. Yslam dünýäsi häzirki wagtda  bu sapaklaryň durmuşda ulanylmagyna her wagtkysyndan beter zerurlyk duýýar. Bu günki haj Gazadaky we Günbatar Aziýadaky pajyganyň üstünde berjaý edilýän ikinji haj möwsümidir. Palestinada höküm sürýän jenaýatçylykly sionistik topar Gazadaky pajygany elhenç zalymlyk, rehimsizlik we görlülip-eşidilmedik gazap bilen göz öňüne getirip bolmajak derejä ýetirdi. Häzirki wagtda palestinaly çagalar bombalardan, oklardan we raketalardan has köp suwsuzlykdan we açlykdan ýogalýar. Ýakynlarynyň, ýaş ýigitleriň we gyzlaryň,  atalaryň we eneleriň ölümi sebäpli matam tutýan maşgalalaryň sany günsaýyn artýar. Bu adam pajygasyna kim garşy durmaly? Bu jogapkärçiligiň ilkinji nobatda Yslam dinine uýýan hökümetlere degişlidigine şek-şübhe ýokdur, milletler bolsa, hökümetlerden bu meselede ygrarly bolmagyny talap edýärler. Musulman hökümetleriniň, mümkin, dürli meseleler boýunça syýasy pikir tapawutlylygy bolup biler, emma bu olary Gazada bolup geçýän aýylganç hadysa we häzirkizaman dünýäsiniň iň bir ejirli adamzat jemgyýetini goramak babatda pikirdeşlikden we hyzmatdaşlykdan saklamaly däldir. Musulman hökümetleri Gazadaky rehimsiz hereketlerini dowam etdirip bilmez ýaly Sionist režimine kömek etmegiň ähli ýollaryny ýapmaly we jenaýatçynyň mümkinçiliklerini çäklendirmelidir. Amerikanyň Birleşen Ştatlary, sionistik režiminiň jenaýatlarynyň jedelsiz şärikleridir. Bu sebitde we beýleki yslam sebitlerinde ABŞ bilen baglanyşygy barlar, Gurhanyň mahrumçylyk çekýänleri goramak baradaky çagyryşyna gulak assynlar we ABŞ-nyň agalyk sürmäge çalyşýan hökümetini bu zorlukly özüni alyp baryşyny bes etmäge mejbur etsinler. Haj wagtynda berjaý edilýän Baraat däbi bu ugurdaky ädimdir. Gazanyň  ilatynyň haýran galdyryjy garşylygy, Palestina meselesini Yslam dünýäsiniň we bu dünýäniň ähli azatlygy söýýän adamlarynyň üns merkezine getirdi. Häzitki pursatdan peýdalanmak we köp ejir çeken bu halka kömek etmäge howlukmak zerur. Palestina meselesiniň adyny we ýadyny ýok etmäge çalyşýan imperialistleriniň we sionistik režimiň howandarlarynyň edýän tagallalarynyň tersine, bu režimiň hekemleriniň öçli häsiýeti we olaryň samsyk syýasatlary şeýle bir ýagdaý döretdi - häzirki wagtda Palestinanyň ady mundan öňki islendik bir wagtdakysyndan has aýdyň şöhle saçýar, sionistlere we olaryň howandarlaryna bolan umumy ýigrenç-de her wagtdakysyndan güýçli. Bu bolsa, yslam dünýäsi üçin möhüm mümkinçilikdir. Öz diňleýjisi bolanlar we jemgyýetçilikde uly derejä eýe bolanlar halklaryň bu barada düşünjesini artdyrmaly, dözümsizligini gazanmaly we Palestina bilen baglanyşykly talaplary hasam giňeltmeli. Eý Allanyň öýüniň mübärek zyýaratçylary, Siz hem öz gezegiňizde Haj zyýaratynda Gudraty Güýçli Ýaradan Allaha ýalbaryp, kömek soramak mümkinçiliginden peýdalanmagy ýatdan çykarmaň we Sionistik zulumkärlerden we olaryň howandarlaryndan üstün çykmak barada Gudratygüýçli Ýaradyjy Alladan doga-dileg ediň! Yslam diniň eziz Pygamberine we iň päk ynsanlar bolan onuň neberesine Allatagaladan ýalkaw we salam bolsun! Allatagalanyň gorap sakladygy hezreti ymam Mähdä (goý Alla onuň gelmegini tizleşdirsin!) Allatagadan ýalkaw we salam bolsun!   Wässälamu aleýkom wä rähmätullahu wä bäräkatuhu! Seýýed Ali Hamenei 1404-nji hijri şemsi ýylynyň hordad aýynyň 9-y. (30.05.2025 ý.)
© 2019 - economy@mfa.ir