News Agency:Habarlar
Eýranyň el işleri
Amaly-haşam sungaty islendik bir milletiň hakydasynyň ýüze çykmasydyr ertekiler nakyllar milli we ýerli tanslar bilen deň gymmatlygy bolan maddy mirasdyr we unudylan köpsanly däp-dessurlardan we wakalardan galan yzlardyr.
Muňa mysal edip, gadymy küýzegärçilik eserleriniň dürli nagyşlarynyň häzirki zaman ussatlarynyň kilimlerinde, halylarynda we matalarynda dowam edýändigini görmek bolýar. Şonuň üçin, amaly-haşam sungaty häzirki zaman eýran halky üçin gaty gymmatly bolup durýar we olary dünýä tanatmak we gaýtadan dikeltmek Eýranyň gadymdan gelýän däplerine hormat goýmakda möhüm ädimdir. Eýranyň el işlerini döredijiler gündelik durmuşdaky zatlary bezemek bilen durmuşyň has-da owadanlaşmagyna we durmuşa gözellik şatlyk çaýýarlar, ony ýyladýar we baýlaşdyrýar, ähli zada we ähli ýere nagyşlary we reňkleri ýaýradýarlar, peýdaly döredijilik arkaly eýranlylaryň gözellige we estetika aýratyn söýgisini görkezýän el işlerini taýýarlaýarlar. Halyçylyk – Eýranyň göze ýakymly we nepis sungat işleriniň bir görnüşidir we nesilden-nesle geçip gelýän gadymy däpdir. Bu sungat öz gorlaryna we mümkinçiliklerine, ylaýta-da özlerine mahsus däp-dessurlaryna degişli bolan we belli bir durmuş ýörelgesine eýerýän halkyň gymmatlyklaryny açyp görkezýär. Olar söýgi bilen halyda Eýranyň medeni mirasyny dünýä ýaýýan özboluşly nagyşlary we stilleri döredýärler. Eýranlylar henizem öz milli özbolulyşlygyny saklap gelýärler we Eýranda halysyz öýüň azdygyny ynam bilen aýdyp bileris. Eýranlylar üçin  öý – diňe owadan nagyşly eýran halylary bilen düşelen ýagdaýynda mähir doly we maşgala ýylylygyny berýän ojagy görkezýär.
© 2019 - economy@mfa.ir