27 June 2025
فارسی
EN
RU
Baş sahypa
Habarlar
Eýran barada
Ilçi
Konsullyk işleri
visa
Syýasat
Ykdysadyýet
Calendar of Iran Int. Exhibition
Jemgyýetçilik diplomatiýasy
Sorag-jogap
News Agency:Habarlar
Yslam Ynkylabynyň Beýik lideriniň Eýranyň buýsançly halkyna eden ýüzlenmesi
Bu gün säher wagty sionist režimiň biziň eziz ýurdumyza eden jenaýatyndan soň Yslam Ynkylabynyň Beýik Lideri Hezret Aýatolla Hamenei Eýranyň buýsançly halkyna ýüzlendi.
Ýüzlenmäniň teksti aşakdakylardan ybarat: Beýik Gudratygüýçli we Rehimdar Allanyň ady bilen! Eý, Eýranyň beýik halky! Bu gün irden säher wagty, Sionist režim özüniň kirli we gana bulanan hapa elini biziň eziz ýurdumyza jenaýat etmäne uzatdy we ilatyň ýaşaýan ýerlerine hüjüm etmek bilen öz ýürek bulaýjy hakyky ýüzüni öňkiden-de beter görkezdi. Režim özüne elhenç berk jeza berilmegine garaşsyn. Eýran Yslam Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň güýçli gollary Allatagalanyň rugsady bilen olaryň ýakasyny goýbermez. Duşman hüjümi zerarly birnäçe serkerdeler we alymlar şehit boldy. Olaryň egindeşleri we kärdeşleri haýal etmän InŞaAllah öz borçlaryny dowam ederler. Sionist režim bu jenaýaty etmek bilen ajy we ejirli kysmaty özüne taýynlady we şübhesiz ol başyna geler. Seýýed Ali Hamenei 13.03.2025 ý.