27 June 2025
فارسی
EN
RU
Baş sahypa
Habarlar
Eýran barada
Ilçi
Konsullyk işleri
visa
Syýasat
Ykdysadyýet
Calendar of Iran Int. Exhibition
Jemgyýetçilik diplomatiýasy
Sorag-jogap
News Agency:bildirişler
Eýd al-Gadir Hemmäňizi bu uly musulman baýramy bilen gutlaýarys!
Eýd al-Gadir ýa Eýd Allah al-Akbar (Gudratygüýçli Allanyň baýramy)– yslam senenamasyndaky bar bolan ähli baýramlardan has ýokary we manydar baýramdyr. Sebäbi ýer ýüzünde Yslam ummatynyň wezipesi şu Gadir wakasynda kesgitlenildi.
Bu möhüm wakanyň we gymmatly hadysyň gelip çykyşy “Män kuntu mäwlahu fähäzä Aliýýun mäwlahu” ähli yslam mezhebleriniň alymlary tarapyndan dilden dile geçirilendir we hemme tarapyndan ykrar edilendir. Eýd al-Gadir biz eýranlylaryň tapawutly aýratynlygymyz bolsa-da, aslynda wakanyň giň many-mazmunyna üns bersek bu baýram diňe bir ähli musulmanlara degişli bolman, eýsem ynsanyň bagty üçin alada edýän ähli adamlara deguşlidir. Hemmäňizi bu uly musulman baýramy bilen gutlaýarys!