27 June 2025
فارسی
EN
RU
Baş sahypa
Habarlar
Eýran barada
Ilçi
Konsullyk işleri
visa
Syýasat
Ykdysadyýet
Calendar of Iran Int. Exhibition
Jemgyýetçilik diplomatiýasy
Sorag-jogap
News Agency:bildirişler
Eýranyň parahatçylykly atom obýektlerine Amerikanyň edýän harby agressiýasy barada Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň beýannamasy
Dünýä diplomatik prosesiň dowamynda diplomatiýa hyýanat etmek bilen agressiw nesil gyryjy we kanun bozujy #Ysraýyl režimini goldanyň Amerika bolandygyny indi bolsa özi sionistik režimiň kanun bozmalarynyň we jenaýatlarynyň üstüni doldurupm Eýrana garşy howply urşy başlandygyny ýatdan çykarmaly däldir.
بسم الله الرحمن الرحیم Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, Amerika tarapyndan Eýranyň parahatçylykly atom obýektlerine gönükdirilip Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynyň we halkara hukugynyň binýatlyk ýörelgelerini gödek we görlüp-eşidilmedik derejede bozmak bilen amala aşyrylan wahşyçylykly harby agressiýany iň berk görnüşde ýazgarýar we Amerikanyň şer-araýjy we kanun bozujy hökümetini bu uly jenaýatyň örän howply täsirleriniň we netijeleriniň sebäpkäri we jogapkäri hasaplaýar. Amerikanyň nesil gyryjy sionistik režim bilen hyzmatdaşlykda Birleşen Milletler Guramasyna agza bolup durýan bir ýurduň çäk bitewiligine we milli özygtyýarlylygyna garşy amala aşyrylan harby agressiýasy, Amerikanyň syýasatynda höküm sürýän hapysalygyň çür başyny, şeýle hem Amerikanyň ýolbaşçylarynyň Yslamy Eýranyň parahatçylyk we garaşsyzlyk söýüji halkyna bolan duşmançylygynyň we ýigrenjiniň çuňlugyny ýene bir gezek açyp görkezdi. Eýran Yslam Respublikasy Amerikanyň harby agressiýasyna we bu duşmançylykly režimiň eden jenaýatlaryna garşy durmagy we Eýranyň howpsuzlygyny we milli bähbitlerini ähli güýji bilen goramaklygy özüni hakly bilýär. Ysraýyl režiminiň Eýrana garşy harby agressiýasynyň onunjy güni daňdan Eýranyň parahatçylykly atom obýektlerine Amerikanyň agressiýasy, jenaýatkär Amerikanyň we sionistik režimiň Eýrana tarap meýilleşdirilen harby hüjüm etmekde dil düwşendigini we şärikdigini hemmelere aç-açan görkezdi. Eýranyň parahatçylykly atom obýektlerine eden Amerikanyň harby hüjümi diňe bir BMG-nyň Düzgünnamasynyň, hususan-da onuň 2-nji maddasynyň 4-nji bendinde görkezilen güýç ulanylmagyny gadagan etmek we ýurtlaryň çäk bitewiligine we milli özygtyýarlylygyna hormat goýmak ýörelgeleriniň gödek we görlüp-eşidilmedik bozulmagy bolman, eýsem BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzasy bolup durýan ýurt tarapyndan şol Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231 belgili rezolýusiýasynyň bozulmagydyr we ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk hakynda režima gorkunç urgydyr. Eýran Yslam Respublikasy, Birleşen Milletler Guramasynyň, Howpsuzlyk Geňeşiniň, bu guramanyň Baş sekretarynyň, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň we beýleki ygtyýarly halkara guramalarynyň bu jenaýatçylykly kanun bozma garşy gyssagly çäre görmäge jogapkärdiklerini ýatladýar we bu aç-açan hüjümiň öňünde dymmagyň dünýäni görlüp-eşidilmedik we ählumumy howpuň astynda goýýandygyny nygtaýar. Eýran Yslam Respublikasy,Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyryjy agzalarynyň biri hökmünde dünýäniň Amerika tarapyndan edilen aç-açan kanun bozma bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtynda bu guramanyň we onuň jogapkärçilik duýýan agzalarynyň her biriniň öz borçlaryny we jogapkärçiliklerini berjaý etmegine garaşýar. Biz, BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşinden Amerikanyň Eýrana garşy eden agressiýasyny, bu ýurduň halkara ýörelgelerini we düzgünlerini gödek bozandygy üçin jogapkärçilige çekmek üçin gyssagly ýygnak geçirmegini haýyş edýäris. Halkara Atom energivasy agentiliginiň we onuň Baş Sekretarynyň hut özüniň şer-araýjy taraplaryň aç-açan tarabyny tutmak bilen, soňky betbagtçylyga esas we bahana döremeginde jogapkärligi her wagtdakysyndan beter äşgärdir. Biz Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň ýolbaşçylar Geňeşinden gyssagly maslahat geçirmek bilen ählisi bu agentligiň we ýadro kepilligi hakynda ylalaşygyň takyk gözegçiliginde duran Eýranyň parahatçylykly atom obýektlerine Amerikanyň howply hüjümi babatda kanuny jogapkärçiligini berjaý etmegini soraýarys. Dünýä diplomatik prosesiň dowamynda diplomatiýa hyýanat etmek bilen agressiw nesil gyryjy we kanun bozujy Ysraýyl režimini goldanyň Amerika bolandygyny, indi bolsa özi sionistik režimiň kanun bozmalarynyň we jenaýatlarynyň üstüni doldurupm Eýrana garşy howply urşy başlandygyny ýatdan çykarmaly däldir. Indi özüni Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzasy hasaplaýan bir ýurduň hiç bir düzgüne we ahlak kadalaryna ygrarly däldigi, nesil gyryjy we basyp alyjy režimiň maksatlaryny öňe sürmek üçin islendik kanun bozmadan we jenaýatdan gaýtmaýandygy hemmelere mälim boldy.