News Agency:bildirişler
23 iýun ILÇINIŇ ÝÜZLENMESI
Halkara jemgyýetçiliginiň dymmagy we hereketsizligi harby agressiýalaryň jezasyz galdyrylmagy diňe bir sionistik režimi öz jenaýatlaryny dowam etmäge höweslendirmek bilen çäklenmän eýsem halkara guramalarynyň şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň abraý-ygtybaryny güýçli pese düşürer. Biz Birleşen Milletler Guramasyna agza bolup durýan ähli ýurtlaryň agzybirlik we aýgytlylyk bilen bu agressiýalary ýazgarmaklaryny hem-de parahatçylygy we adalaty goramaklaryny soraýarys.
بسم الله الرحمن الرحیم اللهم انا نشکوا الیک فقد نبینا و غیبة ولینا و کثرة عدونا Ýer ýüzi birnäçe aýlardyr basyp alyjy sionistik režimiň günäsiz Gaza ilatyna garşy guduzlarça hüjümleriniň täze möwjemesine, on müňlrçe bigünä zenanlaryň, erkek adamlaryň, garrylaryň we çagalaryň gyrylmagyna, millionlarça Palestinalylaryň bosgunlyga düşüşine syn edip otyrka, halkara jemgyýetçiliginiň bolsa, bu şum režimiň Palestinada işledýän gyrgynçylyk maşynyny togtatmaga güýji ýetmän durka, 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda ýarygije terrorçy sionistik režimiň Eýran Yslam Respublikasyna, onuň özygtyýarlylygyna we çäk bitewiligine garşy wagşyçylykly harby agressiýasy bolup başlandy. Ilatyň ýaşaýan ýerlerine edilen bu harby hüjüm öz öýlerinde uklap ýatan zenanlary, çagalary we bigünä raaýatlary, şeýle hem biziň alymlarymyzy, ýokary okuw jaýlarymyzyň mugallymlaryny we goranmak pudagynyň ýolbaşçy elitasyny nyşanalady. Ondan soň hem, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň Eýran Yslam Respublikasyna, onuň parahatçylykly ýadro desglaryna garşy hüjümdäki aç-açan hyzmatdaşlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny, halkara hukugynyň ýörelgelerini, Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýalaryny, Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň Düzgünnamasyny, halkara ynsanperwer hukugynyň we ynsanlygyň bňnýatlyk ýörelgelerini aç-açan we gödek görnüşde bozdy. Terrorçylykly we gandöküji Ysraýyl režimi özüniň betbagtlyk getiriji we jenaýatçylykly barlygynyň 8 onýyllyk töweregi dowam edýän döwründe sanardn köp ynsanlary heläk etdi. Sionistik režimiň Eýran halkyna garşy hüjümi we agressiýasy hem, bu ýasama, galp režimiň öňbaşçylarynyň harby jenaýatlary etmekde aýplanyp Halkara Jenaýat Kazyýeti (ICC) tarapyndan yzarlanylýan, olaryň nesil gyryjylygy barada açylan işe bolsa, Halkara Adalat Kazyýeti (ICI) tarapyndan seredilip ýören wagty bolup geçdi. Nesil gyryjy bu režimiň ýaňy-ýakyndaky agressiýasy biziň gepleşikleri we diplomatiýa ýoluny ýartylan wagtymyz, Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleriniň bolsa, ýadro gepleşikleriniň nobatdaky raundyna gatnaşmaga taýýarlanyp ýören wagty bolup geçdi. Ýöne welin sebitde islendik bir durnukly parahatçylygyň we asudalygyň bolmagyna garşy çykýan, guduz açan sionistik režim diplomatiýanyň ýoluny baglady, uruşdyr agressiýanyň bolsa, ýoluny açdy. Eýran Yslam Respublikasy şu jenaýatyň başyndan bäri ynamdar resminamalara esaslanmak bilen, Amerikanyň hökümetini Ysraýyl agressiýalaryna şärik saýyp gelýär. Indi bolsa Amerikan hökümeti Eýran hakyna garşy uruşa gös-göni görnüşde gatnaşdy. Eýranyň ýadro programmasy Halkara Atom Energiýasy agentliginiň doly gözegçiligi astynda we diňe lukmançylyk ylmy barlaglary, derman önümçiligi, köp sanly näsaglaryň keselleriniň bejerilmegi ýaly parahatçylykly we ynsanperwer maksatlarda ulanylýar we agentligiň gaýta-gaýta geçirýän seljermeleri hem munuň şeýle däldigi barada hasabat bermedi. Eýran Ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmagyna ýol bermezlik baradaky Ähtnamnyň (NPT) çäklerinde boýun alan borçnamalaryna doly görnüşde ygrarly bolupdy. Hatda ynanyşmagyň has-da artmagy üçin onuň daşyndan, köp sanly meýletin çäreleri-de amala aşyrypdy. Başga bir tarapdan, ýadro bombasyny başga bir ýurduň grşysyna ulanan ýurt bolan Amerika we ýüzlerçe ýadro partlaýjy peýkamyna (boýegolowkasyna) eýe bolan we Ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmagyna ýol bermezlik baradaky Ähtnama (NPT) gol çekmekden ýüz öwürip gelýän, “Ýadro ýaragyndan arassa Orta Gündogar” başlangyjynyň durmuşa geçirilmegine iň güýçli garşy çykyjy we bökdeýji sionistik režim hiç bir delil ýok ýerinden Eýrana hüjüm etdiler. Amerikanyň we sionistleriň bu agressiýalary NPT resminamalarynyň we Halkara Atom energiýasy agentliginiň rezolýusiýalarynyň aç-açan bozulmagy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň gödek bozulmagydyr. Eýranyň parahatçylykly ýadro obýektlerine hüjüm edilmegi BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 487 belgili rezolýusiýasynyň hem äşgär bozulmagydyr. Bu rezolýusiýa özüniň 2-nji bendinde ýadro obýektlerine islendik hüjümden ýa-da hüjüm wehimini döretmekden gaça durmagy aç-açan talap edýär. Terrorçylykly sionistik režimin Eýranyň dürli şäherlerinde ilatly ýerlere, hassahanalara, tiz kömek ulaglaryna, halas ediş işgärlerine, dermanhana merkezlerine hüjüm etmegi bigünä harby däl adamlaryň, şol sanda zenanlaryň we çagalaryň şehit bolmagyna we ýaralanmagyna getirdi. Munuň özi harby däl adamlara we harby däl infrastrukturalara gönükdirilen hüjümleri harby jenaýat hökmünde kesgitleýän halkara kanunlarynyň gös-göni bozulmagy hasaplanylýar. Eýran Yslam Respublikasy bu äşgär agressiýalaryň gaýtargysyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň 51-nji maddasynda beýan edilen kanuny goranyşa bolan aýrylmaz hukugyna esaslanyp deň agramly, zerur we maksada gönükdirilen goranyş jogap çäresini amala aşyrmaga girişdi. Eýranyň jogaby we kanuny goranyş çäresi dolulygyna Birleşen Milletler guramasynyň Tertipnamasynyň we halkara hukugnyň ýörelgeleriniň çäklerinde amala aşyryldy. Bu jogap öňüni alyş maksady bilen, Eýranyň milli özygtyýarlylygyny, rýatlarynyň janyny we emlägini gormak üçin planlaşdyryldy we harby nyşanalara gönükdirildi. Eýranyň goranyş jogaby diňe bir kanuny we hukuk taýdan delilli amal bolman, eýsem, başga ýurtlara şeýle wagşyçylykly agressiýalaryň gaýtalanmagyna ýol bermez ýaly, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy goramak üçin hem zerurdyr. Halkara jemgyýetçiliginden, ylaýta-da Birleşen Milletler Guramasyndan, onuň Howpsuzlyk Geňeşinden, Halkara Atom Energiýasy Agentliginden özleriniň aýrylmaz borçlaryndan ugur alyp hem-de sebitleýin we halkara parahatçylygyny we durnuklylygyny goramak maksady bilen Ysraýylyň agressiýalaryny halkara parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň bozulmagy we oňa abanan howp hökmünde açyk ýazgarmaklaryna we zerur bolan çäreleri gün tertibine girizmek bilen, agressorlary jogap bermäge borçlandyrmaklaryna garaşylýar. Halkara jemgyýetçiliginiň dymmagy we hereketsizligi, harby agressiýalaryň jezasyz galdyrylmagy diňe bir sionistik režimi öz jenaýatlaryny dowam etmäge höweslendirmek bilen çäklenmän, eýsem halkara guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň abraý-ygtybaryny güýçli pese düşürer. Biz Birleşen Milletler Guramasyna agza bolup durýan ähli ýurtlaryň agzybirlik we aýgytlylyk bilen bu agressiýalary ýazgarmaklaryny hem-de parahatçylygy we adalaty goramaklaryny soraýarys. Sözümiň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň öz halkyny, çäklerini we milli bähbitlerini islendik agressiýadan goramaga bolan doly we ikuçsuz hukugyny eldegirilmesiz hasap edýändigini we üçünji bir tarapyň agressiýa ýa-da goşulyşmak baradaky islendik haýbat atmasyny güýçli we aýgytly jogap we goranyş bilen garşylajakdygyny açyklaýaryn. Ýaşasyn parahatlyk! Ýaşasyn Eýran!
© 2019 - economy@mfa.ir