News Agency:bildirişler
Çagalar we ýetginjekler edebiýatynyň milli güni
Bu gün Eýranda Mehdi Azar Ýazdini ýatlama güni we çagalar we ýetginjekler edebiýatynyň milli günidir.
Eýran bilen Türkmenistan ,köp sanly medeni umumylyklara eýe bolup durýan iki ýurtdur. Bu umumylyklar iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýakynlaşmagynda möhüm orny eýeläp gelýär. Bu umumylyklaryň möhüm bölegini şu kitapda getirilen çagalar we ýetginjekler üçin ertekilerde görmek bolýar. Siziň öňüňizde duran şu kitap adamkärçilik we gowy ýaşamagyň syrlary baradaky parasatly pikirlerden doly 30 sany gadymy pars ertekilerini öz içine alýar. Bu ertekiler ýazyjy Mähdi Azär Ýäzdiniň 7 sany klassiki pars edebi eserlerinden saýlap alan we gaýtadan işläp “Gowuja çagalar üçin gowuja ertekiler” ady bilen neşir edilen sekiz jiltlik ýygyndysyndan saýlanyp alyndy. Bu ertekiler hemmelere düşnükli bolar ýaly sada dilde çagalar we ýetginjekler üçin gaýtadan işlenipdir. Bu ertekiler Saady Şirazynyň “Bustan” eseri, Möwlana Jelaleddin Muhammet Balhynyň “Mesnewi” eseri we uly göwrümli “Kälile we Demne” eseri ýaly, pars edebiýatynyň genji hazynalaryndan saýlanyp alynandyr. Bu ertekilerde adamkärçilik, edeplilik, dogruçyllyk, ynsanperwerlik we başga gowy sypatlar örän sada dil bilen çeper wasp edilipdir. https://www.instagram.com/reel/DL4voldIPMB/?utm_source=ig_web_copy_link&igsh=Z2YwbHZncDJzMWtm
© 2019 - economy@mfa.ir