18 July 2025
فارسی
EN
RU
Baş sahypa
Habarlar
Eýran barada
Ilçi
Konsullyk işleri
visa
Syýasat
Ykdysadyýet
Calendar of Iran Int. Exhibition
Jemgyýetçilik diplomatiýasy
Sorag-jogap
News Agency:Habarlar
Ymam Hüseýn aleýhissalamyň hormatyna matam çäreleriniň geçirilmegi
Ymam Hüseýn Aleýhissalamyň we onuň ýoldaşlarynyň hormatyna matam çäreleri Hezreti Fatemeýe Zahra (Salamulla Aleýha) adyndaky metjitde geçirildi.
Agşam we Ýassy namazlarynyň okalmagyny, Ymam Hüseýn Aleýhissalamyň aramgähine zyýarat edilende okalýan “Ziýarate Wares” dogasynyň okalmagy, wagyz söhbetlerini we hezreti pygamberimiziň päkize neberesiniň (sallallahu aleyhim) şahyrana wasp edilmegini öz içine alan bu çäreler Muharram aýynyň birinji gijesinden başlap, on üç gije dowam etdi. Şeýle hem, irdenlerine Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Ymam Reza (sallallahu aleyhi) adyndaky protokol zalynda ilçihananyň işgärleri tarapyndan ruhuňy baýlaşdyryjy “Ziýarate Aşura” dogasy okaldy. Bu magnawy çärelerden taýýarlanan wideo-sýužetleri şu salgyda görüp bilersiňiz: https://www.instagram.com/reel/DMNXRGuIy9M/?igsh=MTBtaG56MjA4YTF5dA==