News Agency:Habarlar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň BMG-nyň Baş Assambleýasynda eden çykyşy
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti jenap Masud Pezeşkian BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda çykyş etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti jenap Masud Pezeşkianyň çarşenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden çykyşynyň bir bölegi aşakda beýan edilenlerden ybaratdyr. -Biz Eýranyň başy dik halky, bikanun gozgalaňçylara garşy durmak bilen, adalatsyzlygy, diskriminasiýany we goşa standartlary uly buýsanç bilen ýok etdik. - Sionistik režim we onuň tarapdarlary syýasy kadalaşmakdan hat-da kanagatlanmaýarlar; Onuň barlygyny aç-açan güýç bilen ulanýarlar we oňa “güýç arkaly parahatçylyk” diýip at berýärler. Emma bu ne parahatçylyk, ne-de güýçdir; Has dogrusy, bu agressiýa - mejburlyga we gorkuzmaga esaslanýar. - 12 günlük goranmakda, Eýranyň watansöýer we batyrgaý halky hüjümçileriň özüni öwmek baradaky ýalňyş hasaplamasyny äşgär etdi. Eýranyň duşmanlary Milli Mukaddes Bileleşigi özi islemezden güýçlendirdi. - Eýranyň halky, iň agyr, iň uzyn we iň agyr ykdysady sanksiýalara, psihologiki we metbugat söweşlerine we halkyň içinde bölünişigi döretmek ugrundaky yzygiderli tagallalara garamazdan, topraga ilkinji ok atylan badyna gaýduwsyz ýaragly güýçlerini birleşdirdi we häzirki wagtda-da Watan üçin şehit bolanlaryň sarpasyny belentde saklaýar. - Çagalary öldürmek bilen gorkuzýan jenaýatçylary adam hökmünde hasaplamak ýerlikli däl we şübhesiz olardan ygtybarly şärik bolmaz. - Eýran, altruizmiň gadymy däbine bil baglap, parahatçylyk gözleýän ähli ýurtlar üçin durnukly şärik we ygtybarly ýoldaş, wagtlaýyn maksada esaslanman, mertebe, ynam we umumy geljege esaslanýan dostluk we hyzmatdaşlyk durnukly garaýandyr. -Men Eýran döwletiniň ýadro bombasyny ýasamaga synanyşmandygyny we asla oňa baş goýmajakdygyny ýene bir gezek yglan edýärin. - Ähli ylahy dinleriň daýanýan ýörelgesi “Özüňize ýaramajak zady, başgalaryna-da etmäň” (Ody ilki özüňe bas, ötmese kesekä) diýen altyn düzgüni ýatlamak ýerliklidir. - Sionistik režimiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýranyň şäherlerine, jaýlaryna we infrastrukturasyna amala aşyran howa hüjümleri, diplomatik gepleşiklerini ýola goýmakdaky ädimimizde, diplomatiýa uly dönüklik boldy we durnuklylygy we parahatçylygy ornaşdyrmak ugrundaky tagallalary puja çykardy. - Eýran taryhyň dürli tapgyrlaryndaky apy-tupanlaryna garşy hemişe berk durdy. - Biz eýranlylar öz güýjümizi ýadro ýaragyny öndürmek ýa-da ulanmak bilen däl-de, nesil gyryjy we Gazanyň çagalaryna açlyk bilen ejir çekdirmekde däl-de, gaýta birek-birege bolan dostluk medeniýetini ýaýratmak, şeýle-de dünýäde duýgudaşlyk ýüzlenmeleri arkaly öňe iterýäris.  
© 2019 - economy@mfa.ir