24 November 2024
2024/07/29 - 15:17 View: 100

Aýatolla Hameneýi: Goňşular bilen gatnaşyklary giňeltmek biziň daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugrudyr

Eýran Yslam Respublikasynyň lideri Aýatolla Hameneýi ýekşenbe güni (28.07.2024 ý.) doktor Masud Pezeşkianyň Prezidentligi baradaky hökümi tassyklamak dabarasynda goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ýaýbaňlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Lideri bu barada: “Daşarky gatnaşyklarda biziň belli bir ileri tutýan ugurlarymyz bar. Biziň ileri tutýan mowzuklarymyzdan biri-de goňşularymyzdyr. Biz köpsanly goňşulary bolan ýurtlaryň hatarynda durýarys. Munuň özi islenik ýurt üçin uly artykmaçlyklardan biridir” diýip belledi. Ol: “Biziň daş töweregimizde on dört töweregi goňşy ýurt bar. Bu biziň üçin uly artykmaçlykdyr. Bize goňşular bilen gatnaşyklarymyzyň üstünde işlemek, ony biziň ileri tutýan maksadymyz edip goýmak ugrunda tagalla etmek gerek” diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

Jenap Pezeşkian ýekşenbe güni Tähran şäherinde geçirilen dabarada özüniň prezientligi baradaky hökümi Aýatolla Hameneýiden kabul edip aldy. Ol ýekşenbe güni “Yslam Şurasy” mejlisiniň gurnamagynda geçiriljek Wezipä girişmek dabarasynda Prezidentlik kasamyny kabul eder.

متن دیدگاه
نظرات کاربران
تاکنون نظری ثبت نشده است