Eýran Yslam Respublikasynyň Lideri doktor Masud Pezeşkianyň Prezidentligi baradaky hökümi tassyklady
Eýran Yslam Respublikasynyň lideri Aýatolla Ali Hameneýi ýekşenbe güni (28.07.2024 ý.) Tähran şäherinde geçirilen ýörie çärede doktor Masud Pezeşkianyň Prezidentligi baradaky hökümi tassyklady.
Eýran Yslam Respublikasynyň lideri Aýatolla Ali Hameneýi ýekşenbe güni (28.07.2024 ý.) Tähran şäherinde geçirilen ýörie çärede doktor Masud Pezeşkianyň Prezidentligi baradaky hökümi tassyklady.
Çäräniň dowamynda Aýatolla Hameneýi Eýran halkyna on dördünji gezek geçirilen prezident saýlawlaryna gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, ykdysadyýeti güýçlendirmegi täze hökümediň işiniň ileeri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi. Ol şeýle hem goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Bu hökümiň çykarylmagy bilen jenap Pezeşkiýanyň prezidentlik döwri resmi suratda başlandy. Prezident Pezeşkian sişenbe güni (30.07.2024 ý.) Parlamentiň binasyna barmak bilen, Prezidentlik kasamyny kabul eder.
Prezident Pezeşkian ýekşenbe güni özüniň ilkinji buýrugy bilen köp ýyllyk tejribeli Eýran syýasatçysy jenap Mohammadreza Arefi özüniň birinji orunbasary hökmünde kesgitledi.