Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti bilen duşuşdy
Hormatly prezident dokto Masud Pezeşkian Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentlik saýlawlarynyň on dördünji gezekkisiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin Tährana sapara baran Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow bilen sişenbe güni öýlän geçiren duşuşygynda iki ýurduň gatnaşyklarynyň medeni we taryhy umumylyklara daýanýan öňden gelýän tejribesi bardyr diýip hasaplady we “Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Beýle çemeleşme bolsa iki ýurt we sebit üçin köp bähbitler we artykmaçlyklar getirmekden başga-da dini nesihatlara hen daýanýan işdir” diýip sözüniň üstüne goşdy.
Hormatly prezident dokto Masud Pezeşkian Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentlik saýlawlarynyň on dördünji gezekkisiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin Tährana sapara baran Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow bilen sişenbe güni öýlän geçiren duşuşygynda iki ýurduň gatnaşyklarynyň medeni we taryhy umumylyklara daýanýan öňden gelýän tejribesi bardyr diýip hasaplady we “Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Beýle çemeleşme bolsa, iki ýurt we sebit üçin köp bähbitler we artykmaçlyklar getirmekden başga-da, dini nesihatlara hen daýanýan işdir” diýip sözüniň üstüne goşdy.
Prezident “Hyzmatdaşlygy berlitmek we güýçlendirmek arkaly geografiki serhetlerimizi iki halkyň dostlugynyň we mähirli gatnaşyklarynyň derwezelerine öwürmek ugrunda mümkingadar köp tagalla etmelidiris” diýip nygtamak bilen, “Eýran bilen Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklaryna betniýetli garaýanlar bizi her näçe bir-birimizden daşlaşdyrmak isleseler-de, biziň erkimiz olaryň isleglerinden üstün geler” diýip sözüniň üstüni ýetirdi.
Doktor Pezeşkian şeýle hem, Eýranyň we Türkmenistanyň bilelikdäki medeni buýsançlaryny we belli şahsyýetlerini özara syýasy gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy üçin amatly potensial hasaplady we iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak ugrunda has köp tagalla etmek barada nygtady.
Jenap Meredow hem bu duşuşykda jenap Pezeşkiany Eýranyň halky tarapyndan saýlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, “Meniň Eýrana gelmegimiň maksady Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň özara dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we çuňlaşdyrmak babatdaky aýgytlylygyny we erkini mälim etmekdir” diýip belläp geçdi.
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri ýurdumyzyň prezidentiniň iki ýurduň medeni we taryhy umumylyklarynyň özara gatnaşyklary has ýokary derejelere çykarmak üçin oňaýly platforma bolup durýandygy barada aýdanlaryna ünsi çekmek bilen, “iki halkyň, Eýranyň we Türkmenistanyň halklarynyň gatnaşyklary diňe bir goňşuçylyk gatnaşyklary bolmakdan has ýokarydyr. Biziň hem bu gatnaşyklary hemme taraplaýyn ösdürmek babatdaky kararymyz üýtgesiz we gyzyklanmamyz ýokarydyr” diýdi.