23 November 2024
2024/09/27 - 16:21 View: 81

Doktor Pezeşkianyň BiMG-niň “Geljegi Ylalaşmak” sammitindäki ÇYKYŞYNYŇ ÝAZGYSY

Prezidentiň Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary tarapyndan “gadaganlyklaryň pidasy bolan ýurtlaryň ýagdaýy baradaky toplumlaýyn hasabatyň taýýarlanmagy  baradaky teklibi Halkara maliýe guramalarynyň dolandyryş gurluşynda özgertmeleri haýal etmän geçirilmegini talap edýäris Basyp alyşlygyň soňlanmagy Palestinadaky aparteidiň (ýerli halkyň hukuusysň depelenmeginiň) togtadylmagy we Gazada atyşygyň haýal etmän ýatyrylmagy bütindünýä ösüşi we parahatçylygy üçin hökmany zerurlykdyr.

 Doktor Pezeşkian özüniň Nýu-Yorkorka saparynyň ilkinji gününiň meýilnamalarynyň dowamynda dürli ýurtlaryň baştutanlarynyň gatnaşmagy we çykyşlary bilen geçirilen “Geljegi Wadalaşmak” sammitinde çykyş etdi. Prezidentiň bu sammitde eden çykyşynyň doly teksti şundan ybarat:

Bagyşlaýjy rehimdar Allanyň ady bilen

Baş Assambleýanyň hormatly başlygy,

hormatly jenaplar;

Häzirki we geljekki çözgüt talap edýän kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolunmagy adalata we dogruçyllyga esaslanýan hyzmatdaşlyga we özara gatnaşyklara zerurlyk döredýär. Geliň, çagalarymyz üçin adalatly we abadan geljegi döredeliň.

Bu bilelikdäki tagallanyň esasy maksady, Birleşen Milletler Guramasynyň köptaraplaýynlygy ugur edinmegiň nyşany hökmündäki roluna we ornuna üns bermek we onuň tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine hormat goýmakdyr.

Eýran Yslam Respublikasy “Geljegiň Hatyrasyna Şertnama” resminamasy baradaky öz pikirlerini we belliklerini şu guramada hasaba goýdy, ol bolsa - uruş, diskriminasiýa, garyplyk we açlyk ýaly çözgüt talap edýän kynçylyklara köküne çenli garşy durmak maksady bilen  köptaraplaýynlylygy ugur edinýän dünýä gurluşyny  güýçlendirmek, biziň geljek üçin edýän bilelikdäki işimiziň binýady bolmalydyr - diýen garaýyşdyr.

Medeniýetiň we maşgala gymmatlyklarynyň roluny, medeni gymmatlyklary gorap saklamak maksady bilen nesilara dialogynyň, şonuň bilen bir wagtda bolsa, zenanlaryň, gyzlaryň we ýaşlaryň roluna üns bermegiň we olaryň ornuny güýçlendirmegiň zerurlygyny inkär etmek mümkin däldir

Meniň hökümetimiň işiniň ileri tutulýan ugurlary milli derejede hem saglyk, jemgyýetçilik bilimi, jemgyýetçilik abadançylygy, sosial üpjünçilik, deň mümkinçilikleri döretmek we deňsizligiň ähli görnüşlerini azaltmak, girdejileriň talaba laýyk paýlanyşy, maşgala institutyny berkitmek we güýçlendirmek, garyplygy we diskriminasiýany azaltmak, sosial adalaty ýaýbaňlandyrmak, zenanlaryň we ýaşlaryň ornuny güýçlendirmek we tebigy gurşawdan talabalaýyk peýdalanmak bolup durýar.

 

Baş Assambleýanyň hormatly başlygy,

hormatly jenaplar;

Parahatçylygy we ösüşi gazanmak ýurtlaryň ösmäge bolan hukugyna hormat goýulmagyny, ösüş babatdaky ileri tutulýan ugurlaryna we medeni aýratynlyklaryna üns berilmegini, ynsaplylyk ýörelgeleriniň berjaý edilmegini we ösen ýurtlaryň ösüp barýan ýurtlar barada boýun alan borçlaryny ýerine ýetirmeklerini talap edýär.

Birtaraplaýyn sanksiýalar durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilmegini togtatdy we geljek üçin taýýarlanylýan islendik resminama bu hakykaty öz içine almalydyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birtaraplaýyn sanksiýalaryň pidasy bolan ýurtlaryň gatnaşmagynda bu babatda Toplumlaýyn Hasabat taýýarlap, ony Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlemegini teklip edýärin.

Biz Ösüp barýan ýurtlaryň karara gelmelere we normatiwleşdirmelere gatnaşdyrylmagyny, bu ýurtlaryň maliýe zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin adalatly we jogapkärçilikli bir düzümiň emele gelmegini kepillendirmek maksady bilen halkara maliýe institutlarynyň dolandyryş gurluşynda gyssagly özgertmeleriň geçirilmegini isleýäris.

Geljekki pakty we Global sanly pakty, hususan-da täze tehnologiýalary geçirmek, mümkinçilikleri artdyrmak we päsgelçilikleri aradan aýyrmak arkaly dünýäniň demirgazygy bilen günortasynyň arasyndaky sanly uçutlary, deňsizlikleri azaltmaga kömek etmelidir.

Biz dünýäniň Günortasynyň ýurtlarynyň interneti we emeli aňy ýer ýüzi bolup dolandyrmaga deň hukukly we netijeli gatnaşdyrylmagy, ýurtlaryň milli kanunlaryna hormat goýulmagy we monopoliýa garşy göreş inkär edip bolmajak zerurlykdyr diýen ynanja eýerýäris..

 

Gadyrly kärdeşlerim!

Biz ýaradro ýaraglaryndan azat dünýäni we Ýakyn Gündogaryň köpçülikleýin gyryş ýaraglaryndan azat sebit bolmagyny, (bu isleglere ýetmekde) hiç hili öňe gidişlik gazanmazdan isleýäris.

Terrorçylygyň pidasy hökmünde elmydama bu şum hadysa garşy göreşmekde öňdebaryjylaryň hatarynda bolduk we terrorçylyga garşy hakyky göreşiň ugrunda hereket edýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga taýýardyrys.

Eýran, güýçli, agzybir, howpsuz we durnukly sebiti, onda sebitiň ýurtlarynyň çeşmeleriniň ykdysady we jemgyýetçilik ösüşiň we umumy kynçylyklary aradan aýyrmagyň ugrunda birel-biregiň mümkinçiligini artdyrmak üçin ulanylmagyny isleýär.

Gazada harby däl ilatyň doňýüreklik bilen gyrylýan, ýurt derejesindäki köre-kör terrorçylygyň çagalary we aýallary guma bilen gana gark edýän, genosidi we terrorçylygyň goldnylaýan dünýäsinde hiç bir resminama parahatçylygy we ösüşi kepillendirmez.

Basyp alyşlygyň soňlanmagy, Palestinadaky aparteidiň (ýerli halkyň hukuusysň depelenmeginiň) togtadylmagy we Gazada atyşygyň haýal etmän ýatyrylmagy bütindünýä ösüşi we parahatçylygy üçin hökmany zerurlykdyr.

Eýran Yslam Respublikasy bilelikdäki global maksatlara ýetmek üçin beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga taýyndyr.

sag boluň!

 

متن دیدگاه
نظرات کاربران
تاکنون نظری ثبت نشده است