Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň neşe serişdelerine garşy göreş polisiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň birinji ýygnagy geçirildi
Bu duşuşykda Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň neşe serişdelerine garşy göreş polisiýa edaralarynyň ýolbaşçylary özara pikir alyşyp bilelikdäki hereketleri we hyzmatdaşlygy alyp barmak barada nygtady.
Eýran Yslam Respublikasynyň FARAJA-nyň (Hukuk goraýjy güýçleriniň serkerdeligi) neşelere garşy göreş polisiýasynyň başlygy General Kakawand Türkmenistanyň içeri işler ministri bilen duşuşdy. Bu duşuşykdan soň 2025-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň neşe serişdelerine garşy göreş polisiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň birinji ýygnagy geçirildi.
Türkmen tarapy ýurdumyzyň neşe serişdelerine garşy polisiýasynyň başlygynyň saparyndan kanagatlanýandygyny bildirip, Türkmenistanyň neşelere garşy göreş babatda hukuk goraýjy edararalyň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge we giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.
Eýranyň neşe serişdelerine garşy göreşmek boýunça polisiýasynyň başlygy hem Türkmenistanyň kabul edişine ýokary baha bermek bilen bu polisiýanyň türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny belledi.
Bu saparyň çäginde general Kakawand we ýanyndaky wekiliýet bilen bilelikde neşe serişdelerini anyklaýyş barlaghanasyna, neşe serişdelerini tapýan itleri ýetişdirmek we tälim bermek boýunça merkeze, şeýle-de Türkmenistanda neşe serişdelerine bilen bagly jenaýatlara gözegçilik ediş merkezine baryp gördüler.