27 June 2025
2025/06/11 - 15:43 View: 51

“Turkmentextile-2025” atly Türkmenistanyň halkara dokma sergisi bilen tanyşlyk

2025-nji ýylyň 11-nji iýuny çarşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtäba Ruzbehani Türkmenistanyň halkara dokma sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy we bu sergidäki pawilýonlara baryp gördi.

Bu  dabara Türkmenistanyň Prezidentiniň sergä gatnaşyjylara ýüzlenmesiniň Söwda-senagat edarasynyň başlygy tarapyndan okalmagy bilen we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň we Mejlisiniň başlygynyň we Türkmenistanda akkreditirlenen ilçilerdir diplomatlaryň gatnaşmagynda Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynyň binasyndaky halkara sergiler zalynda geçirildi.

Türkmenistanyň dokma kompaniýalaryndan başga-da, bu sergide Italiýa, Türkiýe, Hindistan, Päkistan, Singapur, Birleşen Arap Emirlikleri, Angliýa, Şweýsariýa, Gollandiýa, Gazagystan we Özbegistan ýaly ýurtlardan dünýäniň belli, abraýly kompaniýalary öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

متن دیدگاه
نظرات کاربران
تاکنون نظری ثبت نشده است