3 February 2026
2025/12/23 - 17:01 View: 68

Daşary işler ministriniň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasarynyň Hazar deňzi meseleleri boýunça

Daşary işler ministriniň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasarynyň Hazar deňzi meseleleri boýunça Türkmenistanyň ýörite wekili bilen geçiren duşuşygy barada özüniň X-kanalynda ýerleşdiren habary:

Daşary işler ministriniň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasarynyň Hazar deňzi meseleleri boýunça Türkmenistanyň ýörite wekili bilen geçiren duşuşygy barada özüniň X-kanalynda ýerleşdiren habary:

Daşary işler ministriniň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasary Kazem Garib Abadiniň özüniň X-kanalynda ýerleşdiren habarynda şeýle ýazdy:

Hazar deňziniň kenar ýakasyndaky döwletleriniň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde şu gün Tähran şäherinde Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň ýörite wekili jenap Myrat Atajanow bilen duşuşdym.

Bu duşuşykda biz Hazar deňziniň basseýni bilen baglanyşykly iň soňky özgerişleri ara alyp maslahatlaşdyk. Geljek ýylyň awgust aýynda Tähran şäherinde Hazar deňziniň kenar ýakasyndaky döwletleriniň baştutanlarynyň 7-nji sammitini geçirmek, kenarýaka döwletleriň bilelikdäki hyzmatdaşlygy we Hazar deňziniň ekologiýa meseleleri ýaly mowzuklar, şol sanda Tähran konwensiýasynyň sekretariatyny sebite geçirmek we bu deňziň suwunuň derejesiniň peselmegi hadysasyna garşy durmak üçin amaly çözgütleri seljermek ýaly meselelere garaldy.

Bu duşuşykda kenarýaka ýurtlarynyň umumy bähbitleri ugrundaky geňeşmeleri dowam etdirmek we ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek nygtaldy.

متن دیدگاه
نظرات کاربران
تاکنون نظری ثبت نشده است