22 February 2025
2025/02/12 - 14:15

Eýran Yslam Respublikasynyň Milli güni we Yslam Ynkylabynyň üstün çykmagynyň 46 ýyllygy mynasybetli dabaranyň geçirilmegi

2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda agşam Eýranyň Milli güni we Yslam Ynkylabynyň üstün çykmagynyň 46 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Ýetip gelen Eýranyň Yslam Ynkylabynyň üstün çykmagynyň şanly 46-njy ýyllygy we Milli güni 2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda agşam Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri, jenap Raşid Meredowyň, şeýle-de diplomatik missiýalaryň hem-de sebitleýin we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň we Aşgabat şäherinde ýaşaýan Eýran raýatlarynyň we işewürleriniň gatnaşmagynda dabaraly çäre geçirildi. Ýurdumyzyň Türkmenistandaky ilçisi, jenap Ali Mojtäba Ruzbehani bu dabarada eden çykyşynda Yslam Ynkylabyndan soňky bolup geçen uly wakalar we üstünlikler barada durup geçmek bilen, iki ýurduň – Eýranyň we Türkmenistanyň ösüp barýan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berdi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň hökümetini we halkyny Eýranyň Milli güni we Yslam Ynkylabynyň 46 ýyllygy bilen gutlady we öz çykyşynda iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki wagtda dürli pudaklarda ulgamlaýyn görnüşde ösýändigini nygtady.

Bu dabaraly çärede, Eýranyň syýahatçylyk we medeni ýadygärlikleriniň we ylmy gazananlarynyň wideo-klibi görkezildi. Şeýle-de, dabaranyň geçirilýän ýeriniň bir böleginde birnäçe Eýran kompaniýalary tarapyndan öndürilen farmasewtiki pudagyndaky ylmy binýatly önümler sergilendi.

 

 

متن دیدگاه
نظرات کاربران
تاکنون نظری ثبت نشده است