22 February 2025
2025/02/17 - 16:49

Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň döwürleýin syýasy geňeşmesiniň geçirilmesi.

2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Tähran şäherinde Eýranyň daşary işler ministri, jenap Seýýed Abbas Äragçiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri jenap Raşid Meredowyň baştutanlygynda Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň döwürleýin syýasy geňeşmesiniň duşuşygy geçirildi.

Bu duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary we ösüşiniň depgini, şeýle-de iki ýurduň sebitleýin we halkara derejesindäki üýtgeşmeleri we hyzmatdaşlyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň daşary işler ministri bu duşuşykda Eýranyň Türkmenistan bilen umymy medeniýete, taryha we siwiliizasiýa esaslanýan taryhy we dostlukly gatnaşyklaryna örän uly ähmiýet berýändigini belläp geçdi. Jenap Äragçi, nobatdaky syýasy geňeşmeleriň çägindäki iki tarapyň möhüm we peýdaly gepleşikleri barada durup geçmek bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň şu saparynda onuň bilen geçirilen gepleşiklerinden Eýranyň beýleki ýokary wezipeli ýolbaşçylarynyň hem kanagatlanandyklaryny belledi we iki ýurduň Liderleriniň aýgytly erkiniň dürli ykdysady, söwda, energetika, tranzit we ulag ýaly pudaklarda özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlyklary giňeltmekde öňe iteriji faktor bolup durýandygyny nygtady. Daşary işler ministri şeýle-de sebitleýin üýtgeşmelere üns çekmek bilen, iki tarapy hem gyzyklandyrýan sebitleýin meseler baradaky geňeşmeleriň güýçlendirilmegini isledi we bu maslahatlaşmalar Merkezi Aziýa we Owganystan babatda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegine sebäp bolup biler diýen umydyň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri, jenap Raşid Meredow Yslam Ynkylabynyň ýeňişiniň ýyldönümi we Eýran Yslam Respublikasynyň Milli güni mynasybetli çäräniň dabaraly geçirilendigi barada durup geçip, ýurdumyzyň hökümetini, halkyny we daşary işler ministrini bu baýramçylyk bilen gutlady. Ol saparynyň soňky iki güninde Eýranyň Prezidenti we beýleki ýokary wezipeli ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklaryndan we gepleşiklerden kanagatlanandygyny bildirdi we köp sanly tejribesi barada durup geçip iki ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň maslahatlaryny we gepleşiklerini, şol sanda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, jenap Pezeşkianyň Magtymguly Pyraga bagyşlanan çärä gatnaşmak üçin  Aşgabada bolan saparyny we  şeýle-de Türkmenistanyň Milli Lideriniň ýaňy-ýakyndan geçiren telefon gepleşigini we ony bu ýurtda geçiriljek “Parahatçylyk we Ynanyşmak” atly konferensiýa gatnaşmak üçin çagyrandygyny belläp geçdi. Ol iki ýurduň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleriň geçirilip durmagynyň iki ýurduň gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösmeginiň zerurlygy diýip hasaplaýar. Eýranyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri syýasy geňeşmeleriň şu tapgyrynda iki ýurduň halkara forumlarda birek-birege garşylyklaýyn goldawlarynyň barşyndan, hem-de BMG-da iki ýurduň kararnamalaryny we başlangyçlaryny goldaýandygyndan kanagatlanma bildirmek bilen  we  bu çemeleşmäniň dowam etmegini we güýçlenmegini nygtandyklaryny bellemek gerek. Iki tarap hem gatnaşygyň we hyzmatdaşlygyň mejlis, medeniýet, syýahatçylyk, bilim ýaly pudaklarynda berkemesine we adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemesine uly ähimiýet berýärler. Ministrler ekstremistik we terroristik toparlaryň hereketlerinden gelip çykýan umumy howplaryny ýatlatmak bilen bu howplaryň öňüni almak üçin iki ýurduň we sebitdäki ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň artdyrylmagynyň zerurdygyny aýratyn belläp geçdiler.

 

 

متن دیدگاه
نظرات کاربران
تاکنون نظری ثبت نشده است