22 February 2025
2025/02/18 - 09:59

Ýurdumyzyň Prezidenti bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň duşuşygy.

Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri jenap Raşid Öwezgeldiyewiç Meredow 2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda ýurdumyzyň Prezidenti doktor Masud Pezeşkian bilen duşuşdy we gepleşdi.

Bu duşuşykda ýurdumyzyň Prezidenti Eýranyň öz goňşylary, şol sanda dost we garyndaş ýurt bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmäge meýillidigini nygtamak bilen, özüniň ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Milli Lideri bilen geçiren telefon gepleşigini belläp geçdi we “Türkmenistanyň hökümeti bilen mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny öwrenmek we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlaşdyrmak we ýüze çykýan bökdençlikleri aýyrmak üçin degişli edaralara zerur buýruklar berildi” diýip belledi.

Doktor Pezeşkian ýakynda Tähran şäherinde geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň Premýer-ministleriniň sammityny bellemek bilen şeýle ýüzlendi: “ Eýran Yslam Respublikasy Hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda giňeltmäge meýilli we bu çemeleşme hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amaly çözgütleri gazanmaga ünsi çekip, geçiriljek Hazar sammitynyň forumynda hödürlener”.

Bu duşuşykda Türkmenistanyň daşary işler ministri hem Eýran we Türkmenistanyň kompaniýalarynyň arasyndaky bilelikdäki hyzmatdaşlyklarynyň dürli pudaklardaky, şolaryň hatarynda ulag we energetikadaky Ylalaşyklarynyň we  taslamalarynyň üstünde durmak bilen, Eýran we Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň ösmegini isledi.

Jenap Meredow şeýle-de Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komissiýasynyň geçirilmegini agzap, bu komissiýanyň geljekde Eýran we Türkmenistanyň ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berer diýip öz umydyny bildirdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri şeýle-de Eýranyň Prezidentini Türkmenistanda geçiriljek “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” atly konferensiýa çagyrdy we öz gezeginde Türkmenistanyň hökümetiniň Tährandaky Hazarýaka döwletleriniň sammityna ýokary derejeli wekiliýetini ugratjakdygyny habar berdi.

 

متن دیدگاه
نظرات کاربران
تاکنون نظری ثبت نشده است