27 June 2025
2025/06/14 - 00:37

Sionist režimiň Eýrana eden harby agressiýa hereketi barada Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň beýany

Daşary işler ministrligi şeýle hem BMG-nyň Baş sekretarynyň BMG Düzgünnamasy boýunça jogapkärçiligini ýatladýar we bu meselede haýal etmän çäre görmegini isleýär.

Beýik Gudratygüýçli we Rehimdar Allanyň ady bilen!

Eýranyň buýsançly halky!

Eýranly Watandaşlar!

Eziz Watanymyz, Eýran, nähak ýere jenaýatkär we rehimsiz režimiň agressiýasyna sezewar boldy.

Basybalyjy we agressor sionist režim bu gün säher wagty eziz ýurdumyz Eýranyň çäk bitewiligini we milli özygtyýarlylygyny bozmak bilen ýurdumyzyň birnäçe nokatlaryny, şol sanda Tähranyň we birnäçe başga şäherleriň ilatynyň ýaşaýan ýerlerine hüjüm etdiler we Eýranyň mertebesi we şany üçin we ylym we tehnologiýalar ugrunda zähmet çeken Watanyň iň asylly we iň Watan söýüji gullukçylarynyň birnäçesiniň we başga-da köpsanly bigünä ilatyň ganyny dökdi.

Eýranyň Daşary işler ministrligi Yslam Ynkylabynyň beýik Liderini we Eýran halkyny sionist režiminiň bagyşlap bolmajak jenaýaty zerarly Watan goragçylarynyň we Watan gullukçylarynyň Watan ýolunda janyny pida edendikleri we şehit bolandyklary bilen gutlaýar we gynanç bildirýär.

Sionist režiminiň bu hüjümi Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynyň 4-nji maddasynyň 2-nji bendiniň bozulmagydyr we Eýran Yslam Respublikasyna garşy mese-mälim agressiýadyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda bu agressiýa jogap bermäge Eýranyň kanuny taýdan hukugy bardyr we Eýran Yslam Respublikasynyň Ýaragly Güýçleri ähli güýji bilen öz kesgitlejek usulynda Eýranyň binýadyny goramakda eglenmez.

Eýran Yslam Respublikasy Birleşen Milletler Guramasyny esaslandyryjy agzalardan biri bolmak bilen agressiýanyň, parahatçylygyň bozulmagynyň we parahatçylyga howp abanmagyna ýol bermezlik barada pelsepesiniň bardygyny, bu guramanyň howpsuzlyk geňeşiniň wezipesiniň sionist režimiň Eýrana eden äşgär agressiýasynyň üsti bilen halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň bozulmagynyň haýal etmän öňüni alyş çäreleriniň görmegini nygtady we bu geňeşiň başlygyndan we agzalaryndan bada-bat öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegini soraýar. 

Daşary işler ministrligi, şeýle hem BMG-nyň Baş sekretarynyň BMG Düzgünnamasy boýunça jogapkärçiligini ýatladýar we bu meselede haýal etmän çäre görmegini isleýär.

Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisinden, şol sanda sebitdäki ýurtlar we yslam ýurtlaryndan, Goşuluşmazlyk Hereketine agza ýurtlardan, dünýäniň parahatçylygy we howpsuzlygy üçin alada edýän ähli döwletlerden bu jenaýatçylykly agressiýany ýazgarmak bilen, halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny öň görlüp eşdilmedik howp astynda howply awantýuralara garşy gyssagly we köpçülikleýin çäreleri amala aşyrmagyna garaşylýar.

Sionist režimiň biziň eziz Watanymyz Eýrana garşy agressiýasynyň howply, giňden ýaýran we uzak dowam etjek netijeleri bu režimiň we ony goldaýanlaryň boýnunadyr.

Sionist režimiň Eýrana garşy agressiw hereketleri ABŞ-nyň gatnaşygy we rugsady bolmazdan amala aşyrylyp bilinmezdi. Şu sebäpli, ABŞ-niň hökümeti, sionist režimiň esasy goldawçysy hökmünde bu režimiň awantýurasynyň howply netijeleriniň jogapkäri bolar.

متن دیدگاه
نظرات کاربران
تاکنون نظری ثبت نشده است