Eýd al-Gadir Hemmäňizi bu uly musulman baýramy bilen gutlaýarys!
Eýd al-Gadir ýa Eýd Allah al-Akbar (Gudratygüýçli Allanyň baýramy)– yslam senenamasyndaky bar bolan ähli baýramlardan has ýokary we manydar baýramdyr. Sebäbi ýer ýüzünde Yslam ummatynyň wezipesi şu Gadir wakasynda kesgitlenildi.
Bu möhüm wakanyň we gymmatly hadysyň gelip çykyşy “Män kuntu mäwlahu fähäzä Aliýýun mäwlahu” ähli yslam mezhebleriniň alymlary tarapyndan dilden dile geçirilendir we hemme tarapyndan ykrar edilendir.
Eýd al-Gadir biz eýranlylaryň tapawutly aýratynlygymyz bolsa-da, aslynda wakanyň giň many-mazmunyna üns bersek bu baýram diňe bir ähli musulmanlara degişli bolman, eýsem ynsanyň bagty üçin alada edýän ähli adamlara deguşlidir.
Hemmäňizi bu uly musulman baýramy bilen gutlaýarys!