21 November 2024
2024/10/13 - 11:37 View: 83

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýaragly güýçler tarapyndan sionisttik režime garşy amala aşyrylan goranyş operasiýalary barada

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýaragly güýçler tarapyndan sionisttik režime garşy amala aşyrylan goranyş operasiýalary baradaky BEÝANNAMASY

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň

ýaragly güýçler tarapyndan sionisttik režime garşy amala aşyrylan

goranyş operasiýalary baradaky

BEÝANNAMASY

 

Eýran Yslam Respublikasynyň Ýaragly Güýçleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Ustawynyň 51-nji maddasynda göz açyk beýan edilen kanuny goranyşa bolan binýatlyk hukugyny berjaý etmek maksady bilen, hem-de Sionistik režimiň agressiw hereketlerine jogap hökmünde 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda sişenbe güni agşam bu režimiň harby we howpsuzlyk nyşanalaryna we desgalaryna garşy raketa bilen urgular toplumyny amala aşyrdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Ýaragly Güýçleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Ustawynyň 51-nji maddasynda göz açyk beýan edilen kanuny goranyşa bolan binýatlyk hukugyny berjaý etmek maksady bilen, hem-de Sionistik režimiň agressiw hereketlerine, şol sanda Eýran Yslam Respublikasynyň özygtyýarlylygynyň we çäk bitewiliginiň bozulmagyna, Tähranda Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň resmi myhmany bolan “Hamas” hereketiniň syýasy býurosynyň başlygynyň şehit edilmegine, şeýle hem Liwanyň “Hezbulla” patiýasynyň Baş sekretarynyň we ýurdumyzyň Beýrutdaky ýokary derejeli harby geňeşçisi Serdar Nilforuşanyň şehit edilmegine jogap hökmünde 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda sişenbe güni agşam bu režimiň harby we howpsuzlyk nyşanalaryna we desgalaryna garşy raketa bilen urgular toplumyny amala aşyrdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň uzak wagtlap özüni saklanyndan soň, kanuny goranyşa bolan hukugyndan peýdalanmagy, aparteid we basyp alyjy Sionistik režim tarapyndan Palestin halkynyň garşysyna alyp barýan  bikanun çäreleriniň we genosidiniň, şeýle hem bu režimiň Liwana we Siriýa garşy gaýta-gaýta harby agressiýasynyň dowam edýän wagtynda, Eýranyň sebit we halkara parahatçylygy we howpsuzlygy babatdky jogapkärli çemeleşmesini görkezýär.

Bigünä harby däl ilaty we raýat infrastruktura desgalaryny yzygiderli ýagdaýda agressiýa we gyrgynçylyk üçin kanun nyşanasy hökmünde görýän Sionistik režimden tapawutlylykda, Eýran Yslam Respublikasy, etiki-ahlak ýörelgelerine we Yslamyň belent taglymatlaryna esaslanmak, hem-de Halkara ynsanperwer hukugyna laýyklykda tapawutlandyryş ýörelgesini doly berjaý etmek bilen diňe bu režimiň harby we howpsuzlyk nyşanalaryny we desgalaryny özüniň goranyş maksatly raketa hüjüminiň nyşanasyna öwürdi.

Eýran Yslam Respublikasy, basyp alyjy režimi goldaýanlaryň, maliýe serişdeleri we ýarag bilen üpjün edýänleriň Sionistik režimiň ýolbaşçylarynyň guduzlanlara mahsus hereketleriniň togtadylmagy babatdaky jogapkärçiligini nygtamak we üçünji taraplaryň islendik goşulyşmasyndan ägä boluň diýip duýduryş bermek bilen, Ysraýyl režimi tarapyndan sebitleýin we halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna howp salynmagynyň dowam etmeginiň öňüni almak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly we manyly çäreleri görmegini talap edýär.

Eýran Yslam Respublikasy zerurlyk dörän ýagdaýynda özüniň kanuny bähbitlerini, Eýranyň çäk we özygtyýarlylyk babatdaky barlygyny islendik harby agressiýa çärelesiniň we güýjüň bikanun ulanylmagynyň garşysynda goramak üçin has güýçli goranyş çärelerini görmäge-e doly taýýardyr we bu meselede şübhelenmäge esas galdyrmaýar.

В отличие от сионистского режима, который всегда считал невинных гражданских лиц и объекты гражданской инфраструктуры законной целью агрессии и убийств, Исламская Республика Иран, основываясь на моральных принципах и учениях Верховного исламского государства и полностью соблюдая принцип дифференциации по международное гуманитарное право – только цели. Военные объекты и объекты безопасности режима стали объектом оборонительного ракетного удара.

Исламская Республика Иран, подчеркивая ответственность сторонников и поставщиков финансов и оружия оккупационного режима за прекращение безумных действий лидеров сионистского режима и предостерегая от любого вмешательства третьих лиц, требует немедленных и значимых действий со стороны Соединенных Штатов. Совет Безопасности ООН призван предотвратить продолжение угроз региональному и международному миру и безопасности от имени израильского режима.

В случае необходимости Исламская Республика Иран полностью готова принять дополнительные оборонительные меры для защиты своих законных интересов и защиты территориального и суверенного существования Ирана от любой военной агрессии и незаконного применения силы, и в этом отношении не будет никаких сомнений. отдал

متن دیدگاه
نظرات کاربران
تاکنون نظری ثبت نشده است