Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Sionistik režimiň agressiw hereketi baradaky beýanaty
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Sionistik režimiň agressiw hereketi baradaky beýanaty
Eýran Yslam Respublikasnyň Daşary işler ministrligi Sionistik režimiň Eýrandaky birnäçe harby merkezleriň garşysyna eden agressiw hereketini halkara hukugynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň, hususan hem ýurtlaryň çäk bitewiligine we milli özygtyýarlylygyna garşy howp abandyrmazlyk ýa-da güýç ulanmazlyk baradaky ýörelgeleriniň göz-görtele bozulmagy hökmünde hasap edip, ony iň berk suratda ýazgarýar.
Bismillahi Rahmani Rahim

Eýran Yslam Respublikasynyň ygtyýarly edaralary tarapyndan öň hem ençeme gezek nygtalyşy ýaly, Eýran Yslam Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň 51-nji maddasynd hem şöhlelendirilen kanuny goranyşa bolan dogabitdi hukugyna esaslanyp, daşardan gelýän agressiýa hereketlerinden goranmaga özüni hakly we borçly hasaplaýar.
Eýran Yslam Respublikasy özüniň howpsuzlygyny we jan ýaly möhüm bähbitlerini goramak üçin Eýran halkynyň ähli maddy we ruhy mümkinçiliklerinden peýdalanmagy nygtamak, şeýle hem sebitiň parahatçylygyny we howpsuzlygyny baradaky borçlaryna düşünmek bilen, sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň goralmagy üçin sebit ýurtlarynyň her biriniň hut özüne degişli we köpçülikleýin görnüşdäki jogapkärçiliginiň bardygyny belläp geçýär we sebitdäki ähli parahatçylyk söýüji ýurtlara we häzirki bar bolan howply şertlere akyl ýetirmek bilen, basyp alyjy Ysraýyl režiminiň agressiw hereketine ýigrenç bildirip, ony ýazgaran ähli beýleki ýurtlara minnetdarlyk bildirýär.
Elbetde sionistik režimiň sebitdäki basyp alyşlygynyň, bikanun hereketleriniň we jenaýatlarynyň dowam etmegi, ylaýta-da Amerikanyň we käbir beýleki Günbatar ýurtlarynyp giňişleýin harby we syýasy goldawynyň saýasynda dowam edýän Palestinanyň ilatynyň genosidi we Liwana garşy agressiýa sebitdäki dartgynlylygyň we howpsuzlygyň bolmazlygynyň esasy sebäbidir.
Eýran Yslam Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletiniň, "Genosid jenaýatynyň öňüni almak we jezalandyrmak baradaky konwensiýa" agza döwletleriň we "1949-njy ýylyň Dört sany Ženewa konwensiýalaryna" agza döwletleriň her biriniň şol bir wagtda halkara parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň düýpli bozulmagy hökmünde hasap edilýän halkara hukugynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň, genosidiň gadagan edilmegi baradaky konwensiýanyň we halkara ynsanperwerlik hukuklarynyň gödek bozulmagyna garşy gyssagly we köpçülikleýin hereket etmäge jogapkärdiklerini ýatlatmak bilen, genosidi we uruşy, Gaza we Liwana garşy agressiýany togtatmak hem-de sionistik režimiň uruş oduny tutaşdyryp ýörmegini bes etdirmek üçin halkara jemgyýetçiligi tarapyndan gaýra goýulmasyz tiz herekete geçmeginiň zerurdygyny nygtaýar.