27 June 2025
2025/06/14 - 00:36

Sionistik režimiň soňky agressiýasyndan we jenaýatyndan soň Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümediniň  baýannamasy

Sionistik režimiň soňky agressiýasyndan we jenaýatyndan soň Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümedi  Beýannama ýaýratdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümediniň bu Beýannamasynyň doly teksti aşakdakydan ybarat:

Bismillahi Rahmani Rahim

Eýranyň asylly we eziz halky!

Sionistik režimiň şu gije biziň Watanymyz Eýrana gönükdirilen we eziz raýatlarymyzyň, serkerdelerimiziň we alymlarymyzyň şehit bolmagyna getiren agressiýasy bu bikanun režimiň hiç bir halkara kada-kanunlaryna ygrarly däldigini subut etdi.

Şeýle hem ol göýä serhoş bolan adamiýji ýaly bolup, ýer ýüzündäkileriň, ylaýta-da ynsan hukuklarynyň we halkara hukugynyň dawasyny tutýan günbatarlylaryň gözüniň alnynda resmi suratda we bir kemsiz bihaýalyk bilen terrorçylyga ýüz urýar we uruş oduny tutaşdyrýar.

Eýran bilen uruş başlamak ýolbarsyň guýrugy bilen oýun etmekdir. Eýranyň ýadro meselesi barada diplomatik prosesiň dowam edip duran wagty, bigaýratlyk bilen gije geçirilen bu operasiýa ýer ýüzi üçin bu režimiň Eýrandan, onuň ynandyryş we goranyş güýjünden gorkýandygynyň bir nyşandyr. Sebäbi biz Eýranlylar soňky iki ýüz ýylyň içinde hergiz hiç bir uruşy ilki başlaýjy bolmadyk. Ýöne öz Watanymyzy goramakda, birjik-de ikirjiňlenmedik we ikirjiňlenmeris.

Ysraýylyň Eýranyň päk mukaddes asmanyna hüjüm etmegi we Eýranyň serkerdelerini namartlarça terror etmegi bu režimiň öz düýp mazmuny taýdan terrorçylykly gurluşdygyny subut etdi.

Indi biz, Eýrandakylaryň barymyz, tutuş millet, döwlet, häkimiýet bolup bilelikde bu režimiň hemişe terrorçylykly we agressor režim bolandygyny hemişekiden-de has uly sesimiz bilen jar edip bileris. Ar almagy we goranmagy özümiziň kanuny hukugymyz hasaplap, hemişekimizden-de agzybirleşip we jebisleşip, çaga ganhory we terrorçy bolan bu režime hiç bir syýasy çaprazlyksyz berk jogap bereris.

Bu topragy, suwy we asmany, perzentlerimizi, serdarlarymyzy, alymlarymyzy we ähli raýatlarymyzy goramak Eýran Yslam Respublikasynyň hökümediniň we onuň ýaragly güýçleriniň jogapkärçiligidir we borjudyr we biz ondan birjik-de asgyn gelmeris.

Beýle ýyrtyjy režim bilen diňe güýjüň dilinden bolaýmasa, başgaça gepleşip bolmaýar. Dünýä indi Eýranyň urany baýlaşdyrmaga, ýadro tehnologiýasyna we raketa güýjüne bolan hukugyny tutanýerli goramagyna has gowy düşünýändir. Duşmanyň özi mazlumyň, ýagny adalatsyzlyga uçranyň, haklynyň biz bolup durýandygymyzyň subut bolmagyna sebäp boldy. Şeýlelikde agressoryň kimdigi-de, sebitde howpsuzlyga wehim salýanyň haýsy režimdigi-de belli boldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň hökümeti bikanun Ysraýyly ökündirmek ugrundaky zerur bolan goranyş, syýasy we ýuridiki çärelere hut häzirden başlady we sionistlere ukyny haram eder. Şehitlerimiziň her biriniň aryny alarys we basybalyjy Ysraýylyň bagyşlap bolmajak günäsi bilen Eýranyň milli özygtyýarlylygynyň bozulmagynyň öwezini üzlüşeris. Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinden-de halkara düzgüniň çagşamagynyň garşysynda öz mertebesini we barlygyny goramagyny isleýäris. Emma biz bu guramalara garaşyp, hereketsiz eglenip durmarys. Rewolýusiýanyň Lideriniň aýdyşy ýaly “ Eýran Yslam Respublikasnyň Ýaragly Güýçleriniň güýçli gollary, Allanyň rugsady bilen Ysraýylyň ýakasyny goýbermez”. Ar alyş ýakyndyr, ol terrorçy siýonistlere boýun damarlaryndan-da ýakyndyr. Bu urşy ilki başlanyň biz bolmandygymyza, ýöne bu hekaýatyň ahyrynyň Eýranyň eli bilen ýazylşyna şaýat bolmaga bütin dünýäni çagyrýan bir milletiň we bir döwletiň sesidir.

متن دیدگاه
نظرات کاربران
تاکنون نظری ثبت نشده است